TÜRKMEN BOKSÇYSY PROFESSIONAL BOKSDAKY ILKINJI ÝEŇŞINI GAZANDY

     Türkmenistanly boksçy Ýunus Gurbanow Moskwada geçirilen PRAVDA OLD SCHOOL BOXING turniriniň çägindäki tutluşygyny ýeňiş bilen tamamlap, professional boksdaky      karýerasyna şowly debýut bilen başlady.

     PRAVDA OLD SCHOOL BOXING turniriniň çäginde türkmenistanly Ýunus Gurbanow russiýaly Dmitriý Andreýew bilen duşuşdy. Tutluşykda Ýunus Gurbanowyň aýgytly urgulary geçirmek arkaly rüstem hereket etmegi russiýaly türgene söweşi doly tamamlamaga mümkinçilik bermedi. Has takygy, birinji raundyň ýaňy bir ikinji minuty başlanan wagty (1:05) gapma-garşylygyň referisi türkmen türgeni Ýunus Gurbanowyň tehniki nokaut arkaly ýeňiş gazanandygyny mälim etdi.

     Ozal habar berşimiz ýaly, ilkibaşda türkmenistanly boksçy Ýunus Gurbanowyň russiýaly Abdulmuslim Kuçbarow bilen orta agram derejesinde tutluşyk geçirmegine garaşylýardy. Emma soňky pursatlarda Ýunusyň garşydaşy çalşylyp, professional boksdaky debýutyny amala aşyran russiýaly Dmitriý Andreýew türkmen türgeniniň garşydaşyna öwrüldi.

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 131 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR