GURBAN BERDIÝEW «DINAMO» — «KAMAZ» OÝNUNYŇ NETIJESI BARADA PIKIRINI PAÝLAŞDY

     Futbol boýunça Russiýanyň çempionatynyň Birinji ligasynyň dördünji tapgyrynda Mahaçkalanyň «Dinamo» toparyna utuk toplamak başartmady. Gurban Berdiýewden tälim alýan topar öz öýünde «KAMAZ» klubyny kabul edip, az hasapda hasapda ýeňlişe sezewar boldy.

     «Dinamonyň» türkmenistanly baş tälimçisi Gurban Berdiýew oýnuň kyn geçendigi hem-de ilkinji goluň duşuşygyň ykbalyny çözendigi barada belledi:

     — Oýnuň ýapyk boljakdygyny çakladyk. Mälim bolşy ýaly, şeýle oýunlarda ilkinji gol aýgytly rol oýnaýar. Gynansak hem, myhmanlaryň bir pursaty boldy we ondan dürs peýdalanmagy başardylar.

     Ýeri gelende ýatlatsak, Gurban Berdiýew 9-njy iýuldan bäri topara halypalyk edýär. 70 ýaşly türkmen tälimçisiniň golastynda «Dinamo» «KAMAZ» bilen bolan oýna çenli myhmançylykda Moskwanyň «Torpedosyndan» 2:0 hasabynda utuldy, Tulanyň «Arsenaly» bilen 0:0 hasabynda deň oýnady hem-de öz öýünde Krasnodaryň «Kubanyndan» 2:0 hasabynda üstün çykdy. Öňde mahaçkalylara «Wolgar» we «Týumen» bilen boljak myhmançylykdaky oýunlar garaşýar.

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 131 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR