TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 32 ÝYLLYGY MYNASYBETLI «1000 SÖZ» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI YGLAN EDILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli bilelikde yglan edýän «1000 söz» atly döredijilik bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

Bäsleşigiň maksady

     Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ata Watanymyz Türkmenistan ähli ugurlar boýunça uly ösüşlere eýe bolup, belent sepgitlere ýetýär. Häzirki wagtda bolsa Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şol sepgitleriň hatary has-da uzaldylýar. Eziz Diýarymyzda ýetilýän belent sepgitler netijesinde bu gün Türkmenistan dünýäniň durnukly ösýän ýurtlarynyň hatarynda tanalýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda ata Watanymyzda gazanylýan ajaýyp üstünliklere ser salyp, sport ulgamynyň ösüşlerini halk köpçüligine we dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen «1000 söz» atly döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.

Bäsleşigiň düzgünleri

     Döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde işleýän žurnalistler, ýaşlar, mugallymlar, talyplar, okuwçylar we döredijilik bilen meşgullanýan watandaşlarymyz gatnaşarlar. Bäsleşige gatnaşýanlaryň eserleri, özleri hakyndaky doly maglumatlary, şol sanda doglan senesi (aýy we güni bilen), öý salgysy, telefon belgisi, elektron salgysy (e-mail) we beýleki möhüm maglumatlar bilen bilelikde iberilmese eminler tarapyndan kabul edilmejekdigini habar berýäris.

     Bäsleşige gatnaşýanlar «1000 söz» şygary astynda ýurdumyzyň sport ulgamynyň durnukly ösüşi, sportda ýetilýän belent sepgitler, türkmen türgenleriniň, tälimçileriniň gazanýan üstünlikleri, şol sanda sport ulgamynyň wekilleriniň, dürli pudaklarda sporty wagyz edýän watandaşlarymyzyň, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmakda şahsy görelde görkezýän we bu işe mynasyp goşandyny goşýan ildeşlerimiziň alyp barýan işleri, halkymyzyň döreden milli we hereketli oýunlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, şeýle-de, ýurdumyzda belli sungat ussatlarynyň sport durmuşy barada 1000 sözden az bolmadyk möçberde öz eserlerini ugradyp bilerler.

     Bäsleşigiň şerti boýunça «1000 söz» şygary astynda žurnalistikanyň we edebiýatyň dürli žanrlarynda taýýarlanylan eserler kabul ediler.

     Bäsleşigiň eminler topary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň jogapkär işgärlerinden düzülýär.

     Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «1000 söz» döredijilik bäsleşigine gatnaşyp, eminler topary tarapyndan tapawutlandyrylanlaryň 32-si ýeňiji diýlip yglan ediler. Olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar, Hormat hatlary, şeýle-de, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň sanlary gowşurylar.

Bäsleşigiň geçiş tertibi

     Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler şu bäsleşigiň döwürleýin metbugatda we resmi saýtda çap edilen gününden başlap, 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli öz materiallaryny görkezilen salga elektron nusgada iberip bilerler.

     Ugradylan eserler we materiallar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm resmi saýtynda, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynda, bu neşiriň «7/24.tm» hepdelik elektron goşundysynda çap edilip bilner. Materiallary çap etmek redaksiýalaryň ygtyýaryna berilýär.

     Elektron salgylarymyz: ArkadaglyYashlar@gmail.com

     turkmenistansport@sanly.tm

     Telefon: 44-88-80,  22-81-38.

Öňki makala

Indiki makala

ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 940 okalan

HINDISTANYŇ GÜLLER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

26 Sentýabr 2024 | 951 okalan

ÝOL ASUDALYGY – IL ABATLYGY

26 Sentýabr 2024 | 950 okalan

SAGLYGYM – BAŞ BAÝLYGYM