Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäheriniň häkimligi, «Arkadag» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi bilen bilelikde «Arkadag şäheri – ýaşlaryň şäheri» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.
«Beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr» diýýän hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda öňde goýýan belent wezipelerinden we ýaşlara bildirilýän uly ynamdan ugur alyp geçirilýän bu döredijilik bäsleşiginiň maksady «akylly» şäher konsepsiýasynyň talaplaryna laýyk gelýän, «ýaşyl» tehnologiýalara we iň täze innowasion çözgütlere daýanylyp gurlan Arkadag şäheriniň amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini, kämil arhitektura we gurluş aýratynlyklaryny hemmetaraplaýyn açyp görkezmekden, şeýle-de zehinli türkmen ýaşlarynyň täze şäheriň gurluşyk taslamasyna goşan goşantlaryny wagyz etmekden ybaratdyr.
Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, hödürlenilýän işler edebi we çeper-publisistika ugurlary boýunça ýazylmalydyr. Täze şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler boýunça täsirli oçerklerdir söhbetdeşlikler hem bäsleşige hödürlenip bilner.
Bäsleşige gatnaşyjylar öz eserlerini «Arkadag şäheri – ýaşlaryň şäheri» diýen ýazgy bilen hödürläp, onuň ýanyna özleri baradaky maglumatlary-da goşup, (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) «Arkadag» gazetiniň redaksiýasyna (Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly,28 Arkadag şäheriniň Medeniýet toplumy) ýa-da arkadag_gazeti@sanly.tm elektron salgysyna ugradyp bilerler.
Bäsleşige gatnaşýanlaryň ýaşy 35-e çenli bolup, işleriň sany boýunça çäklendirilmeýär.
Bäsleşige hödürlenilýän işler we awtor baradaky gysgaça maglumatlar şu ýylyň dekabr aýynyň 15-ne çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnar. Eserlere Arkadag şäher häkimliginden, «Arkadag» gazetiniň döredijilik işgärlerinden, şeýle hem TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan düzülen eminler topary baha berer.
Bäsleşik 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň soňky ongünlüginde jemlener. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan eserleriň awtorlaryna höweslendiriji baýraklar gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 57-39-66.