TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞLARYNYŇ ARASYNDA YLMY
IŞLER BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GEÇIRMEK
HAKYNDA DÜZGÜNNAMA
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewiliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar we meýilnamalar düýpli ylmy esaslara daýanýar. Nebit-gaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, dokma, ykdysadyýet, maliýe, bank toplumlaryna, söwda, ulag, aragatnaşyk, himiýa, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlaryna ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlary ornaşdyrylýar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran “Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky” 14109-njy Kararyna, şeýle hem şol ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran 14488-nji Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigi yglan edýär.
I. Umumy düzgünler
- Bäsleşige hödürlenilýän ylmy işler aşakdaky ugurlara laýyklykda kabul edilýär:
- nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika;
- biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika;
- maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary;
- häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary;
- innowasiýa ykdysadyýeti;
- ynsanperwer ylymlary.
II. Ylmy işleri bäsleşige hödürlemegiň we resmileşdirmegiň tertibi
- Bäsleşige resminama kabul edilen gününe çenli ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlaryň özbaşdak ýerine ýetiren ylmy işleri kabul edilýär.
- Bäsleşige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzasy bolan gatnaşyjylaryň ylmy işlerini hödürlemäge şu aşakdakylara hukuk berilýär:
- Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we pudaklaýyn ylmy-barlag institutlaryna, Tehnologiýalar merkezine, ýokary okuw mekdeplerine;
- Ylmy-tehniki we tehniki kärhanalaryň hem-de guramalaryň geňeşlerine;
- Orta we orta hünär okuw mekdepleriň okuw-usulyýet birleşiklerine;
- Ministrliklerde we pudaklaýyn-dolandyryş edaralarynda, eýeçiliginiň görnüşine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, assosiasiýalarda, kärhanalarda, birleşiklerde, paýdarlar jemgyýetlerinde işleýän we ylmy iş bilen meşgullanýan, aspiranturada, ordinaturada, doktoranturada okaýan ýa-da dalaşgär bolup durýan, şeýle-de wagtlaýyn işlemeýän ýaşlara;
- Talyplaryň tehnologik, inženerçilik, ykdysady, durmuş, ynsanperwer we beýleki meselelere bagyşlanan ylmy işlerini bäsleşige hödürlemäge Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlygyna hukuk berilýär hem-de soňky 3 (üç) ýylyň dowamynda ýokarda görkezilen degişli ugurlaryň biri boýunça ýerine ýetiren, ylmy wezipeleri goýmagyň we çözmegiň aýratynlygy bilen tapawutlanýan ylmy işler kabul edilýär.
- Okuwçylaryň ylmy işlerini bäsleşige hödürlemäge Aşgabat, Arkadag şäheriniň, welaýatlaryň we etraplaryň bilim müdirliklerine hem-de ýerlerdäki Ýaşlar guramasynyň welaýat, şäher, etrap Geňeşlerine hukuk berilýär.
- Bäsleşige ozal ýeňiji bolan ýaşlara gatnaşmaga hukuk berilmeýär.
III. Bäsleşige hödürlenýän resminamalaryň sanawy:
- Bäsleşige hödürlenýän ylmy işleriň resminamalarynyň sanawyna şulary goşmak hökmandyr:
- Ylmy işi hödürleýän edaranyň ýolbaşçysynyň ugrukdyryjy haty (onda ylmy işiň bäsleşigiň ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlarynyň haýsysyna degişlidigi, işiň doly ady, ylmy işi ýerine ýetireniň familiýasy, ady we atasynyň ady görkezilmeli);
- Alymlar tarapyndan berlen oňyn synlar (azyndan 2 (iki) sany bolup, olaryň birisi başga ylmy edaradan);
- Degişli edaranyň Alymlar geňeşiniň ylmy işi bäsleşige hödürlemek baradaky geçiren maslahatynyň beýany hem-de amaly gymmatyny tassyklaýan resminamalar (ylmy makalalar, oýlap tapyşlar we senagat nusgalary, patent we ş.m.);
- Gatnaşan ylmy-amaly maslahatlarynyň sanawy (ylmy ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanan doly maglumat bilen);
- Bäsleşige gatnaşyjylar hakynda şahsy maglumatlar goşundyda görkezilen nusgada çykarylan hem-de elektron görnüşinde bolmaly (Aýratynlykda gysgaça maglumat görnüşinde familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan güni, aýy, ýyly, wezipesi, gulluk we öý salgysy hem-de telefon belgisi);
- Pasportynyň ýa-da 16 ýaşy dolmadyk bolsa, dogluş hakynda şahadatnamasynyň nusgasy;
- Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalyk şahadatnamasynyň nusgasy;
- Işlemeýän bolsa, ugrukdyryjy haty zerur däl.
- Hödürlenilýän ylmy işler türkmen dilinde kitap, makala, ylmy işi ýazmagyň kadalaryna (14 şriftde, 1,5 setirarasy, ýokardan we aşakdan 2 sm, çepden 3 sm, sagdan 1,5 sm goýlan, Times New Roman, çykgytly we ş.m. talaplary özünde jemleýän) gabat gelýän ýazgy görnüşinde hödürlenýär. Ylmy işde döwlet nyşanlarynyň, bezegleriň we bibliografiýa ýazgylarynyň (peýdalanylan edebiýatlar) bolmagy hökmandyr.
- Bäsleşige hödürlenýän işiň ýüzünde diňe “YLMY IŞ” diýen ýazgy ýazylmalydyr we onda hödürleýän gatnaşyjynyň, guramanyň ady görkezilmeýär.
IV. Işleri seljermegiň we bäsleşigiň netijelerini jemlemegiň tertibi
- Ylmy işler bildiriş we Düzgünnama metbugatda çap edilen gününden kabul edilip başlanýar.
- Bäsleşik üç tapgyrda geçirilýär hem-de şu ýylyň 12-nji iýunynda – Ylymlar güni mynasybetli jemlener.
- Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigine gelen ylmy işleri seljermek üçin ylmyň we tehnikanyň degişli ugurlary boýunça alymlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda seljeriş toparyny döredýär.
- Ylmy işi özbaşdak ýerine ýetiren awtorlary degişli edaranyň, okuw mekdepleriň Alymlar geňeşi tarapyndan mejlisiň birinji ýygnagyna çagyrylýar, ol ýerde bäsleşige dalaşgär şu aşakdaky tertip boýunça işini tanyşdyrýar: temanyň derwaýyslygyny, işiň maksadyny, ylmy täzeligini, ylmy-barlagyň materiallaryny we usulyýetini, netijelerini amaly hödürnamalaryny, ylmy netijeleriň makullanylyşyny, tassyklanylyşyny (aprobasiýasyny).
- Alymlar geňeşi bäsleşige gatnaşýan ýaşlaryň ylmy çykyşlaryny mejlislerde diňläp, düýpli seljerip, jemi 10-a çenli ylmy işleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň garamagyna hödürleýär.
- Seljeriş toparynyň agzalary bäsleşigiň indiki mejlisinde alymlar geňeşi tarapyndan ylmy işleri has düýpli seljermek maksady bilen ýaşlary öz işini goramaga çagyrýar. Iş goralan wagtynda bäsleşige gatnaşyjy işiň mazmunyny doly açyp görkezmelidir. Seljeriş topary işiň mazmunyna, amaly taýdan peýdalanmak mümkinçiligine baha berýär.
- Ylmy işiň indiki mejlisinde awtorlar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň seljeriş toparynyň bilelikdäki ýygnagynda işlerini goraýarlar. Bu mejlisde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýolbaşçy düzümleriniň hem-de bäsleşigiň seljeriş toparynyň başlyklarynyň hökmany ýagdaýda gatnaşylmagy üpjün edilýär.
- Seljeriş toparynda karar açyk ses bermek we sesleriň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär. Seljeriş topary işlere seretmegiň netijelerini (işiň wajyplygy, baýrakly orna hödürlenmäge mynasypdygy ýa-da kemçilikler esasynda baýrakly orna hödürlenmäge mynasyp bolmandygy baradaky bellikleri, subutnamalary) ähli agzalarynyň tassyklaýan beýany bilen resmileşdirýär we her bir ýeňiji bolan ylmy işe syn berýär.
- Bilelikdäki iş topary bäsleşigiň ýeňijilerini tassyklamak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürleýär. Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanýar.
- Ýaşlaryň arasyndaky ylmy işleriň bäsleşiginiň netijeleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär.
- Ýaşlaryň arasyndaky ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijileri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanýar.
- Bäsleşige gatnaşýan ýaşlar ylmy işlerini ýerine ýetirmek üçin häzirki zaman barlaghana enjamlarynyň zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky Tehnologiýalar merkeziniň, ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň barlaghanalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler.
- Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşige hödürlenýän ylmy işler 2024-nji ýylyň 15-nji fewralyna çenli sagat 09:00-dan 13:00-a we 14:00-dan 18:00 aralygynda Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 104-nji jaýynda, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan kabul edilýär we ýaşlaryň ylmy işlerine baha berjek seljeriş toparyna iberilýär.
Sorag-jogap üçin telefon belgileri: 44-88-55.