2024-NJI PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY ÝYLYNDA MILLI BAHAR BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN «GELSE NOWRUZ ÄLEME, REŇ KYLAR JAHAN PEÝDA» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI YGLAN EDILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň bilelikde geçirýän 2024-nji Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Milli bahar baýramyna bagyşlanan «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» atly döredijilik bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

     2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ösüp gelýän ýaş nesliň Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, edebi mirasy barada düşünjelerini, dünýägaraýyşlaryny has-da giňeltmek, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine goýýan belent sarpalary, şahyryň edebi mirasyny ebedileşdirmek babatda alyp barýan beýik işleri barada bilimlerini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar Jemgyýetiniň resmi agzalygyna saýlanmagy bilen bagly gözýetimlerini çuňlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň bilelikde, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän we döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň, ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan talyp ýaşlaryň hem-de orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

 

     Bäsleşik 4 ugurdan, ýagny:

 

  1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine goýýan belent sarpalary hem-de dana akyldarymyzyň edebi mirasyny ebedileşdirmekde alyp barýan beýik işleri barada ýazylan ylmy, çeper-publisistik makalalar, oçerkler boýunça:

     1 sany baş baýrak;

         1 sany 1-nji orun;

     2 sany 2-nji orun;

     3 sany 3-nji orun ugrunda bäsleşikden.

  1. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, Milli bahar baýramy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we ÝUNESKO diýen ugur boýunça:

     1 sany baş baýrak;

     1 sany 1-nji orun;

     2 sany 2-nji orun;

     3 sany 3-nji orun ugrunda bäsleşikden.

  1. «Magtymguly Pyragynyň döredijiligine meniň garaýşym» diýen ugur boýunça:

     1 sany baş baýrak;

     1 sany 1-nji orun;

     2 sany 2-nji orun;

     3 sany 3-nji orun ugrunda bäsleşikden.

  1. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dana akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine goýýan belent sarpasyna bagyşlanan şygyrlar, çeper oýlanmalar, hekaýalar boýunça:

     1 sany baş baýrak;

     1 sany 1-nji orun;

     2 sany 2-nji orun;

     3 sany 3-nji orun ugrunda bäsleşikden ybaratdyr.

     Bäsleşige hödürlenilýän eserler arassa, düşnükli dilde, kompýuterde ýyglyp, kagyza çap edilen ýa-da elektron görnüşde hödürlenilmeli. Eserlerde awtoryň ady, familiýasy, okaýan ýeriniň doly ady, eýeleýän wezipesi, iş, öý ýa-da öýjükli el telefonynyň belgisi hem-de öý salgysy dogry we takyk görkezilmelidir. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlar, şeýle hem Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» žurnaly tarapyndan «Türkmenistan Sport» žurnalynyň sanlary gowşurylar. Höweslendirme hökmünde, bäsleşige hödürlenen eserleriň iň gowulary «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň we onuň «7/24.tm» hepdelik elektron goşundysynyň sahypalarynda hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynda çap ediler.

     Bäsleşige hödürlenýän eserleriň, Düzgünnamanyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň resmi saýtynda ýerleşdirilen gününden 2024-nji ýylyň 10-njy martyna çenli kabul ediler.

     Bäsleşik 2024-nji ýylyň mart aýynyň 10-20-si aralygynda jemlener.

 

     Habarlaşmak üçin:

     «Türkmenistan Sport» žurnaly, telefon: 22-81-38.

     Elektron salgymyz: turkmenistansport@sanly.tm

 

     «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnaly, telefon: 44-88-55.

     Elektron salgymyz: arkadaglyyashlar@gmail.com

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

DIL ÖWRETMEGIŇ DÖWREBAP TAGLYMATY

20 Noýabr 2024 | 2 okalan

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK