Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Nesil» gazetiniň redaksiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçiriljek «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent üstünliklere beslenýär. Halkymyzyň eşretli, asuda, abadan durmuşda ýaşamagy we ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup kemala gelmekleri hem-de milli ýol-ýörelgelerimizi, edim-gylymlarymyzy, däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdiriji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi barha belende galýar. Goňşy we dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklar giň gerimde ösdürilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyplyklary kalplara ylham, joşgun bagyşlaýar. Zehinli ýaşlarymyz döredijiliginde berkarar Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar ýaşlygy, parahatçylygy, dost-doganlygy çeper sözde wasp edýärler. Döwrüň sesine öz seslerini goşýarlar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Medeniýet milletiň döredijilik kuwwatydyr! Sungat medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň özboluşly dabaralanmasydyr! Edebiýat edebi gymmatlyklaryň ebedi hazynasydyr!» diýen sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Nesil» gazetiniň redaksiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň baş maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni giňden wasp etmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary döredijilik gözleglerine we täze üstünliklere ruhlandyrmakdan ybaratdyr.
Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:
– Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler.
– Bäsleşik döredijiligiň şu ugurlary – goşgulary we poemalary, publisistik makalalary we oçerkleri hem-de hekaýalary we oýlanmalary ýazmak boýunça geçirilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar öz döredýän eserlerinde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, watansöýüjiligi, Bitaraplygy we parahatçylygy, dost-doganlygy wasp edip, taýýarlan döredijilik eserlerini 2024-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli bäsleşige hödürläp bilerler.
– Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini «Berkarar döwletiň ylham joşguny» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlary (maglumatnama, pasportynyň nusgasy, 4 sany 3x4 ölçegdäki fotosuraty, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysyny, telefon belgilerini) goşmalydyrlar.
– Bäsleşige hödürlenen işleriň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin guramaçylar tarapyndan eminler topary döredilýär.
– Bäsleşigiň jemleri Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 2024-nji ýylyň maý aýynda jemlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan işler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Bäsleşige hödürlenýän işleri şu salga ibermeli: Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýoly, Erkin döredijilik mekany, «Nesil» gazetiniň redaksiýasy.
E-mail salgysy: nesil-gazeti@sanly.tm
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
«Nesil» gazetiniň redaksiýasy: 39-95-27, 39-96-36;
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-55; 44-88-85.