DATLY ÜZÜM

     Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, oba-hojalyk pudagynda hem dünýä tejribesini ornaşdyrmak, onuň ylmy-önümçülik binýadyny hasda berkitmek babatda, yzygiderli we toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzdaky ylmy-barlag edaralarynyň ylmy işgärleriniň, oba-hojalygynyň beýleki ugurlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň gatnaşmagynda ylmy duşuşyklar yzygiderli alnyp barylýar. Ylmy duşuşygyň iň bir gyzykly geçen maslahatlarynyň biri hem «Üzüm ösdürip ýetişdirmek we üzümçilik pudagynyň ykdysady hem-de önümçilik taýdan bähbitli taraplaryny öwrenmek» atly tema boýunça bolup, bu maslahatda esasan hem üzüm ösdürip ýetişdirmek boýunça öňden bar bolan tejribeler hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Maslahatyň dowamynda ýygnalan maglumatlary size hödürlemegi makul bildik. Türkmenistanda üzüm nahallaryny oturtmak güýzde şeýle hem ýazda geçirilýär. Üzüm nahallary oturdylýan mahalynda üzümiň uzak ömürliligini üpjün etmek üçin, olary hemişelik ýerinde oturtmak iň möhüm işleriň biridir. Talabalaýyk ideg we timarlama çäreleri doly geçirilende, oňat hasyl getirýän döwri 35-40 ýyl we ondan-da köp dowam edýär. Üzümiň düzüminde glýukoza, fruktoza, sahoroza ýaly uglewodlar, 80 göterime çenli suw, organiki turşular, pektinler bar. Miwelerinde kaliý, kalsiý, natriý, magniý, demir, marganes, alýuminiý, fosfor, kremniý ýaly mineral maddalar we mikroelementler, B,C,P,PP toparynyň witaminleri, fermentler saklanýar. Üzümiň dänesindäki pektinler radioaktiw elementleriň, agyr metallaryň we beýleki toksinleriň bedenden çykarylmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da, üzümiň örän güýçli antiseptiki täsiri bar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, ganazlygy, käbir ýürek-damar kesellerini, dem alyş ýollarynyň sowuklamasyny, bogun agyrysyny üzüm bilen bejermek mümkin. Şeýle-de peşew ýollarynda, böwrekde daşlaryň emele gelmeginiň öňüni alyp, onuň birnäçe kesel dörediji ýokançlaryň hem öňüni alýandygy barasynda ylmy kitaplarda ýazylan. Üzüm ösdürilip ýetişdirilende ony zyýanly mör-möjeklerden goramak zerurdyr. Üzüm-süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan azyk önümi bolup, onuň örän köp görnüşleri bellidir. Türkmenistanyň yssy we gurak klimatynda halyly, gelinbarmak, gözel gara, gyzyl kişmiş, gara kişmiş, terbaş, gürgoýy, riş baba ýaly görnüşler giňden ýaýrandyr.

 

Leýli ÇARYGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Babadaýhan etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA