ALAJA — AJAÝYP SUNGAT

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybirlikden kemal tapan türkmen halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenip, ýurdumyzyň taryhynyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 3-nji awgustynda Ogulabat ejäniň ören alajalarynyň, şonuň ýaly-da alajany örmekde ulanylýan iş guralynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine sowgat berilmegi şanly ýylymyzyň aýratyn ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Ogulabat ejäniň nusgalyk ömür ýoly, mähir siňdirip döreden el işleri türkmen zenanlary üçin görüm-göreldedir, durmuş mekdebidir. Milli mirasymyz bolan alaja işmek, örmek eneden gyza geçip, asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelýän sungatdyr. Alaja türkmen milli mirasynyň ähli hünärleriniň içinden eriş-argaç bolup geçip, olary has-da bezeýär, şu ajaýyp zamanamyzda ösen derejede dowam etdirilýär. Alaja türkmen zenanlarynyň ýürek söýgüsinden, köňül ylhamyndan, mährinden dörän ajaýyp hem gudratly sungat hasaplanylýar.

     Türkmen zenanynyň döreden alajasynda gudratly, ruhy güýjüň bardygyna ynanylýar. Çünki alajanyň akly-garaly reňk sazlaşygy gözüň agynyň-garasynyň we gijäniň tümlüginiň, gündiziň ýagtylygynyň keşbiniň mysalydyr. Şonuň üçin alajalarda ala gözleriň, gije-gündiziň owadanlygy ýaly täsin ajaýyp jadyly owadanlyk bar. Yrymlara we ynançlara görä çaganyň boýnunda gudratly alaja bar bolsa, seredýän gözden çykan güýçli nazar, ilki bilen, alaja siňýär-de, togtaýar diýýärler. Alajanyň owadanlyk jadysy synçynyň nazaryny özüne çekýär-de, ol alaja dakynany göz degmekden goraýar. Alajalaryň nämährem nazarlardan goraýandygyna ynanan enelerimiz olary bala-çagalarynyň boýnuna, goşaryna dakypdyrlar, sallançakbag, gundagbag üçin alaja örüpdirler. Öýüniň gapysyna, hojalykda ulanýan zähmet gurallaryna, sygyr, düýe ýaly mallaryna, türkmeniň uçar ganaty bolan bedew atyna hem alaja dakmak halkymyzyň asylly däbidir.

     Elbetde, parasatly ene-mamalarymyz el hünäriniň her bir ülşüni döredenlerinde ýiti zehine, ylham joşgunyna esaslanypdyrlar. Alajalary adatça, ak we gara sapaklardan işipdirler. Bu bolsa gije bilen gündiziň sazlaşygynyň aýdyň beýanydyr. Alajalary inçe we ýogyn işmek bolsa onuň nämä niýetlenilýändigine bagly bolýar.

     Alajanyň gudratly bolşy ýaly, onuň dürli görnüşleri hem çylşyrymly, owadan. «Ýönekeý alaja», «Goşma alaja», «Gyýakly alaja», «Älem alaja» ýaly alajalar tow berlip işilse, «Çigildem alaja», «Okgöz alaja», «Gyraly alaja», «Toýnukly alaja», «Çyzykly alaja», «Bugdaý baş alaja» ýaly görnüşleri barmaklar bilen örülýär. Garaz, alajalar örülmek, işilmekden başga-da keşdelenýär, gaýalýar, dokalýar.

     Türkmen senetçilik sungatynda möhüm orun alan alaja sungaty milli mirasymyzyň öçmejek gymmatlygydyr. Türkmen maşgalasynda gyzjagazlar aga-gara düşünip ugranyndan olara alaja işmek, örmek öwredilýär. Tikin işlerinde, keşde-nagyşlarda, haly-palaslarda hem hökman nagyşlaryň daşyndan alaja aýlanýar. Bu hem ene-mamalarymyzyň ýol-ýörelgeleriniň arkama-arka aýlanyp, ýaş nesle ýetirilip gelinýändiginiň subutnamasydyr. Şeýle bolansoň, gyzlaryň ýaşlygyndan çeper elli bolmagy, ýaş nesliň edepli, terbiýeli, aýratynam gyz çagalaryň özbaşdak durmuşa hemmetaraplaýyn taýýarlykly, el işlerine ezber bolup ýetişmekleri gazanylýar.

 

Nadira RAHMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Iýul 2024 | 52 okalan

BAR ZADYŇ HÖZIRINI GÖR...

02 Iýul 2024 | 43 okalan

ÝÜREGI ÝUWUJY SERIŞDE