«TÜRKMENÇILIK» DÜŞÜNJESI WE ÝÖRELGELERI

     Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy we ata-babalarymyzdan ýol-ýörelge bolup gelýän däp-dessurlarymyzy çuňňur öwrenmäge, dünýä ýaýmaga we ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan kitaplary nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Alym Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýaly kitaplary halkymyzyň baý maddy, medeni we ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Bu gymmatly kitaplar her birimiz üçin ýol-ýörelge, nusgalyk şamçyragdyr. Ösüp gelýän ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmeginde we asyrlar aşyp, kemala gelen däp-dessurlaryň dowamata atarylmagynda möhüm ähmiýetlidir.

     «Türkmençilik» düşünjesi we ýörelgesi halkymyzyň arasynda milli gymmatlyklaryň beýany hökmünde orun alyp, ynam-ygtykatlarynda, däp-dessurlarynda aýdyň görünýär. Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda bu barada şeýle belleýär: «Kanun hemişe-de kanun, ol goralmaly. Halkymyzyň türkmençilik diýýän ýörelgesi hem jemgyýetimiz üçin kesgitli kada-kanundyr. Munuň şeýledigini, geçen asyrlaryň ýaşaýyş-durmuş tejribesi subut etdi».

     «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserde şeýle bellenilýär: «Döwletara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen berkitmek halkymyzyň Oguz han zamanyndan bäri ygrarly ýörelgesidir. Şol ýörelge häzirki günde döwrebap mazmunda Garaşsyz türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklaryndaky üstünliklerinde wajyp orny eýeleýär. Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda taraplaryň bähbitlerini hiç bir babatda ünsden düşürmeýän, ygtybarly hyzmatdaşdyr. Munuň özi, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatlarynyň aýdyň dabaralanmasydyr».

     «Şu döwür bilen ýaşamaly» diýlen düşünjä bolan garaýyşlar kitapda üç dananyň söhbetdeşlik tymsalynda getirilmegi her birimiziň ünsümizi özüne çekýär. Üç dana geçmiş, şu gün we geljegiň haýsysynyň has möhümdigi barada pikir alyşýar. Olaryň biri geçmiş diýse, birisi geljek diýýär. Emma olaryň üçünjisiniň aýdan pikiri has-da özüne çekijidir: «Geçmişiň yzda galdy. Geljegiň bolsa, entek seniňki däl. Adam şu güni bilen ýaşamaly» diýýär.

     Pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserde döwletlilik ýörelgeleriniň halkara gatnaşyklary çygryndaky ornuna hem eýedigi barada aýratyn bellenilip geçilmegi milli ýörelgelerimiziň döwletimiziň daşary syýasy ýörelgeleri bilen berk arabaglanyşygyny açyp görkezýär.

     Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda ýagşy ýigit bolmagyň şertleri şeýle sanalýar: Merdi-merdanalyk, Gaýratlylyk, Sadalyk-parasatlylyk, Salyhatlylyk, Zähmetsöýerlik, Paýhaslylyk, Namysjaňlyk. Ýagşy ýigidi şahsyýet hökmünde görkezýän Watana wepaly bolmak häsiýeti, ar-namys, mertebe ýaly ynsan gymmatlyklary bilen ölçenilýär. Häzirki  döwürde bolsa ýagşy ýigit diňe bir merdi-merdanalygy bilen däl-de özüniň  halka, Watana halal, ak ýürekden hyzmat etmegi, ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlaryndan baş çykarýan kämil hünärmen bolmagy bilen şahsyýet hökmünde kemala gelýär. Munuň üçin şahsyýetde kämil ahlaklylyk, medeniýetlilik, ýokary sowatlylyk we giň dünýägaraýyş mahsus bolmalydyr.

     «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda halkymyzyň dünýä nusgalyk milli gymmatlyklary we edim-gylymlary, däp-dessurlary sadadan düşnükli anyk delilleriň we düýpli ylmy garaýyşlaryň üsti bilen bilen beýan edilýär. Bu gymmatlyklary öwrenmek we halka ýetirmek, ylaýta-da ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek her birimiz üçin borç hem baş wezipedir.

 

Mähri TOÝMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Öňki makala

ALAJA — AJAÝYP SUNGAT

Indiki makala

TÜRKMEN ALAJASY

Meňzeş habarlar

03 Iýul 2024 | 52 okalan

BAR ZADYŇ HÖZIRINI GÖR...

02 Iýul 2024 | 43 okalan

ÝÜREGI ÝUWUJY SERIŞDE