TÜRKMEN ALAJASY

     Zenanlarymyzyň el hünäriniň aýratyn görnüşleriniň biri hem alaja örmek, jähek örmek, aldymgaç kakmakdyr. Türkmen zenanlarymyz dürli reňkli ýüpek sapaklardan taýýarlanan jähekdir aldymgaç ýüpleri bilen milli lybaslarymyzyň gyrasyny bezäpdirler, işilen alajalary dürli görnüşde oturdypdyrlar. Alajalar egin-eşigi geýen adamy gözden-dilden goraýar diýip yrym edilse, jähekdir aldymgaçlar lybaslara berklik, pugtalyk üçin tutulypdyr. Alajalary diňe bir egin-eşiklere berkitmek bilen çäklenmändirler. Alajalaryň nämährem nazarlardan goraýandygyna ynanan enelerimiz olary bala-çagalarynyň boýnuna goşaryna dakypdyrlar, sallançak bag, gundagbag üçin ulanypdyrlar. Öýüniň gapysyna hojalykda ulanýan zähmet gurallaryna, sygyr, düýe ýaly öý mallaryna, türkmeniň uçar ganaty bolan bedew atyna hem alaja dakmak halkymyzyň asylly däbidir. Elbetde ene-mamalarymyz el hünäriniň her bir ülşüni döredenlerinde ýiti zehine, ylham joşgunyna esaslanypdyrlar. Alajalar taýýarlananda adatça, ak we gara sapagy 3-4 gezek gatlamaly. Olaryň birmeňzeş reňki her gatyna aýry-aýrylykda tow bermeli. Şondan soň tow berilen ak we gara sapaklary birleşdirip saklap, öňki berlen towyň garşysyna tarap işmeli. Sapaga tow berilýän wagty ony çekibiräk saklasaň alaja endigan düşýär. Towy gowy ýetirilen ýüpüň berk hem owadan bolýandygy barada könelerimiz halk arasynda «sapagy tow saklar» diýen aýtgyny-da galdyrypdyrlar. Towy gowy ýeten gara we ak sapaklar özara birleşip, enaýy alajalar emele gelýär. Alajalary inçe we ýogyn işmek bolsa onuň nämä niýetlenýändigine bagly bolýar. Alajalar dine bir işilip bejerilmän, eýsem olary dokap, örüp, kakma usulynda dürli görnüşlerini taýýarlaýarlar. Türkmen senetçilik sungatynda möhüm orun alan alaja sungaty milli mirasymyzyň öçmejek gymmatlygydyr. Türkmeniň milli mirasyny sarpalap şu günlere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, halk bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe üstünliklere beslensin.

 

Leýli ÇARYGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Babadaýhan etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 398 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 386 okalan

KESIR