HALY BARADA MAGLUMAT

     Asyrlar boýy halylar adamzat ýaşaýşynyň hemrasy bolupdyr. Olaryň meşhurlygy häzirki günlerde hem pese gaçmaýar. Şeýle-de bolsa ilkinji halynyň haçan dokalandygy hakynda takyk maglumaty aýtmak kyn. Birnäçe halklaryň birek-birekden habarsyz haly dokamak işi bilen bir döwürde meşgullanyp başlamagy haýran galdyryjydyr. Halylar hakynda birnäçe gyzykly maglumatlar aýdanymyzda, Ermitaž muzeýinde dünýä gymmatlygy hasaplanýan gadymy pazyrak halysyny görmek bolýar. Ol özüniň ilki başdaky görnüşini saklap galmagy başarypdyr. Bu gymmatly tapyndy depäniň buzly gatlagynyň astyndan tapyldy. Halyçylyk adamzadyň ele alan hünäriniň iň ilkinjileriniň biri hasaplanýar. Şonuň üçin-de ol ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Nederlandiýada dizaýnerler tarapyndan metal çüýler, önümleri we beýleki materiallar arkaly döredilen täsin halylaryň gözelligi haýran galdyrýar. Gyzyl halylaryň patyşalara, ýolbaşçylara we baý adamlara laýyk görünýändigi hemmelere mälimdir. Amerikan gurnaýjysy gyzyl halyny golliwud filmleriň ilkinji gezek görkeziliş dabarasynda ýazmak bilen bu adata üýtgeşme girizipdir. Onuň bu başlangyjy häzirki wagtda hem kino durmuşynyň möhüm wakalarynda dowam etdirilýär. Halylar hiç haçan öý bezeginde öz döwrebaplygyny ýitirmeýär. Öý eýeleri haly saýlamakda öz islegine salgylanýarlar. Şeýle-de bolsa bu ugurda hünärmeniň maslahaty artykmaçlyk etmez. Haly we haly önümleriniň bazarynda tejribeli hünärmenler zähmet çekýärler. Olar müşderiniň islegine we talabyna görä, haly harytlaryny saýlamaga ýardam edýärler.

 

Enebaý GELDIMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

TÜRKMEN ALAJASY

Indiki makala

NAGYŞLAR DÜNÝÄSI

Meňzeş habarlar

03 Iýul 2024 | 52 okalan

BAR ZADYŇ HÖZIRINI GÖR...

02 Iýul 2024 | 43 okalan

ÝÜREGI ÝUWUJY SERIŞDE