NAGYŞLAR DÜNÝÄSI

     Türkmen zenanlarynyň öz gözbaşyny gadymýetden alyp gaýdýan milli el işleri bolup, öz owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan nagyşlar hem ajaýyp sungat eseridir. Nagyşlarda zenanlarymyzyň ýürekleriniň owazy, päk arzuw hyýallary, tebigy gözelliklere bolan söýgüsi jemlenip, olar ýerine ýetirilişi boýunça bir-birinden tapawutlanýar.

     Balkan welaýatynyň geýim-gejimlerine, tahýalaryna, ýakalara salynýan nagyşlar köpdürliligi bilen tapawutlanyp, olardaky görnüşlerde, reňklerde durmuşyň sazlaşygyny duýmak bolýar. Geliň nepisligi, inçeligi, ussatlygy talap edýän nagyşlaryň käbirleriniň üstünde durup geçeliň!

 

«Lawr» nagşy

     Balkan welaýaty Hazar deňziniň ýakasynda ýerleşýänligi sebäpli, suwda ýüzýän gämileri duruzmak üçin ulanylýan «lawr» guralynyň suwa çümende «lawr-lawr» ses edişinden, onuň görnüşinden ene-mamalarymyz nusga alypdyrlar. «Lawr» nagşy erkekler üçin niýetlenilip, olaryň tahýalaryna salynýar.

 

«Peýkam» nagşy

     «Peýkam» nagşy türkmeniň gerçek, goç ýigitleriniň gaýduwsyzlygyndan, edermenliginden, olaryň ýowuz ýagylar bilen söweşenlerinde peýkamlaryny ussatlarça ulanandyklaryndan habar berýär.

 

«Tirana» nagşy

     Ene-mamalarymyz bu nagşyň nusgasyny deňizde ýaşaýan tirana balygyndan alypdyrlar.

Aýagymda «tirana»

Güler ýüzler nurana.

Türkmeniň nagyşlarny,

Synlan, galar haýrana.

 

     Bu ajaýyp nagyşlaryň waspyny näçe aýtsaň bärden gaýdýar. Olar türkmen zenanlarynyň kalbynyň dessany, ýüreginiň bossanydyr.

 

Çalsaň mukamlarda owaz bolýandyr,

Geýim-gejimlere bezeg berýändir.

Dünýäniň görküni özünde jemläp,

Şirmaýy perdäni çekýär nagyşlar.

 

     Goý, bu ajaýyplyklarymyz asyrlardan asyrlara aýlanyp, elmydama egin-eşiklerimiziň bezegi bolup, gelin-gyzlarymyzyň gözelligini artdyrsyn!

 

Gülsona AŞYROWA,

TMÝG-niň Gyzylarbat etrap

Geňeşiniň baş hünärmeni.

Öňki makala

HALY BARADA MAGLUMAT

Meňzeş habarlar