TÝL ― 2023: «NEBITÇI» ÝOKARY LIGADA 1500 UTUK GAZANAN ILKINJI TOPAR BOLDY

     12-nji tapgyrda «Aşgabady» uly hasap bilen ýeňen (6:1) Balkanabadyň «Nebitçisi» bu ýeňişden soň Ýokary ligada jemi toplan utuklaryny 1500-e tegeledi. Bu barada «Janköýer» habar berýär.

     «Nebitçi» Türkmenistanyň çempionatynda bu sepgide ýetip bilen ilkinji topardyr.

     Ýokary ligada utuklarynyň umumy sany boýunça ikinji orunda Marynyň «Merwi» bar. Türkmenistanyň çempionatynyň geçen möwsüminde bürünç medala mynasyp bolan topar çempionatda jemi 1187 utuk toplady. Üçünji orundaky «Şagadamyň» bolsa 1130 utugy bar.

     Ýeri gelende aýtsak, sanawyň ilkinji ýedi basgançagyny Ýokary ligada häzirki wagtda çykyş edýän toparlar eýeleýär. 1038 utuk bilen «Köpetdag» dördünji, 918 utuk bilen «Ahal» bäşinji, 908 utuk bilen «Altyn asyr» altynjy, 723 utuk bilen «Aşgabat» ýedinji orunda barýar.

     Ýokary ligada 2015-njy ýyldan bäri çykyş edip gelýän «Energetik» çempionatda 248 utuk toplap bildi. 12-nji tapgyrdan soňra utugyny 27-ä çykaran «Arkadag» topary bolsa çempionatda çykyş eden 34 toparyň arasynda 27-nji orna göterildi.

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 115 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR