BERDIÝEW «DINAMONYŇ» NOBATDAKY ÝEŇŞINDEN SOŇ NÄME DIÝDI?

     Mahaçkalanyň «Dinamo» futbol toparynyň türkmenistanly baş tälimçisi Gurban Berdiýew Russiýanyň çempionatynyň Birinji ligasynda Astrahanyň «Wolgary» bilen geçirilen duşuşykda gazanylan ýeňişden soň (1:0) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine pikirlerini beýan etdi.

     Tälimçi toparynyň birinji ýarymdaky oýnundan hoşal, ýöne futbolçylar ikinji ýarymda «Wolgaryň» arkaýyn hereket etmegine we ýiti hüjümleri guramagyna ýol berdiler. Şeýle hem ol «Wolgaryň» futbolçylarynyň topa erk edişini öwdi we Astrahan klubynyň geljekde üstünlikli çykyş etjekdigine ynam bildirdi.

     Metbugat maslahatda Berdiýew Dagystanda çagalar futbolyny ösdürmäge hem goşant goşýandygyny nygtady.

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 115 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR