«MAGTYMGULY PYRAGY BELENT YLHAM ÇEŞMESI, BAGTYÝAR TÜRKMEN ÝAŞLARY NESIHATYŇ TEŞNESI»

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri, baý döredijiligi her bir ynsanyň köňül köşgünde orun alýar. Şonuň üçin hem okyjylar Gahryman Arkadagymyzyň täze-täze eserlerine, goşgusyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze şygry halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Şu taryhy waka mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, welaýat häkimligi, welaýat Baş Bilim müdirligi, welaýat jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň, ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda «Magtymguly Pyragy belent ylham çeşmesi, bagtyýar türkmen ýaşlary nesihatyň teşnesi» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, döredijilik işgärleri çykyş edip, Alym Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze şygrynyň many-mazmuny barada, türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyraga goýulýan sarpanyň belentdigi barada, goşgynyň ýaşlary beýik şahsyýetlerimize hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde ähmiýetiniň ulydygy barada beýan etdiler. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen akyldar şahyryň goşgulary dünýä dillerine terjime edildi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» Maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Häzirki ajaýyp döwrümizde şahyryň döredijiligi giňden wagyz edilýär we dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Pähim-paýhaslary özünde jemleýän bu ajaýyp goşgy beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň mertebesini has-da ýokarlandyrýar, döredijiligini täzeçe öwrenmäge ruhlandyrýar. Hoşallyk maslahatyň ahyrynda çykyş edenler ýurdumyzyň baýdak göterijileri bolan bagtyýar ýaşlarymyz hakynda bimöçber atalyk aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR