TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY ÝAŞLAR GURAMASY ÝUNESKO-NYŇ BÜTINDÜNÝÄ ÝAŞLAR JEMGYÝETINIŇ RESMI AGZASY

     Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalary biri-birine ulaşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahyrymyza bagyşlap döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyny halkymyza peşgeş bermeginiň yzysüre Magtymguly atamyzyň adyny göterýän Ýaşlar guramamyza gelip gowşan hoş habar diňe bir ýurdumyzyň ýaş nesillerini däl, tutuş halkymyzy egsilmez hoşallyga, buýsanja besledi. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti ýaşlar tarapyndan döredilen we dolandyrylýan dünýä derejesindäki merkez bolmak bilen, ýurdumyzyň Ýaşlar guramasynyň onuň resmi agzalygyna kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan giň gerimde durmuşa geçirilmegi dowam etdirilýän döwlet ýaşlar syýasatynyň halkara derejede ykrar edilmesi boldy diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ýaşlar baradaky parasatly syýasaty hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Taryha altyn harplar bilen ýazylan bu şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat, etrap, şäher Geňeşi, welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlary, talyplary we işjeň agzalary bilen bilelikde Balkanabat şäheriniň medeniýet merkeziniň uly zalynda aýdym-sazly hoşallyk maslahatyny geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary barada edýän uly aladalary üçin, olaryň işini kämilleşdirmekde döredilýän ähli şertler üçin köp sagbolsun aýdýarys hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri bolup, geljekde guramamyzyň öňünde goýlan jogapkärli wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda yhlasymyzy gaýgyrmajakdygymyza ynandyrýarys.

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR