BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY: TÄZE NESIL, TÄZE MAKSATLAR

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz durnukly ösüş bilen rowaçlyklara beslenýän, şeýle-de dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy goldaýan hoşniýetli döwlet hökmünde tanalýar. Häzirki döwrümizde ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda adamzadyň bähbidi öň hatarda goýulýar. Türkmenistanyň Baş Kanuny bolan Konstitusiýamyzda hem döwrüň we jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy adam diýlip bellenilýär. Biziň Kanunymyzda görkezilýän ähli kanunçylyk namalary hem halkara kadalaryna, adamzadyň bähbitlerine esaslanýar. Biziň döwletimiz hemişe täzeçillik, döwrebaplyk hem millilik ýörelgelerine esaslanyp, öz syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şol ösüşler-özgerişler bolsa, öňi bilen türkmen jemgyýetiniň, dünýä jemgyýetiniň bähbidini öz özeninde jemleýär. Biziň döwletimiz özüniň Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, hiç bir döwletiň işine goşulyşmazdan, diňe döwletleriň ylalaşyk, arkalaşyk ýoly bilen dostana gatnaşyklarynyň esasynda diňe öşüşi hem-de abadan ýaşaýşy üpjün etmegiň, abadan geljegi gurmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Häzirki döwürde ýurdumyz ykdysadyýetde, senagatda, medeniýetde, sungatda, saglygy goraýyşda, bilim hem-de sport ulgamlarynda daşary döwletler bilen oňyn diplomatik gatnaşyklary, pugtalandyrmak bilen durnukly ösüşi gazanýar. Şeýle dost-doganlyk gatnaşyklarynyň daşary ýurtlarda okaýan türkmen ýaşlarynyň giň dünýä garaýyşly, döwrüň täze tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmeklerinde özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamy boýunça daşary ýurt döwletleri bilen alyp barýan gatnaşyklarynyň netijesinde, türkmen ýaşlarynyň ençemesi daşary ýurtlaryň görnükli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alyp, kämilleşmäge, täzeçil pikirler, täzeçe oýlap tapyşlar hem-de dünýäniň iň soňky gazananlary bilen öz ýurdumyzyň ösüşinde mynasyp goşant goşmaga mümkinçilik döredýär. Halkara hyzmatdaşlygyň geljekde-de dowam etdirilmegi üçin daşary ýurt dillerini öwrenmeklige, ýaşlary daşary diplomatiýa işjeň çekmeklige, halkara derejede ylym-bilime aralaşmaga hem aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda hereket edýän «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda hem bu babatda birnäçe işler göz öňüne tutulan. Şu maksatlar bilen daşary ýurtda okaýan ýaşlarymyzyň we olaryň ene-atalarynyň gatnaşmaklarynda Balkan welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, welaýat Baş bilim müdirligi, welaýat hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: täze nesil, täze maksatlar» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Türkmenistanyň halkara abraýy onuň gazanýan üstünliklerinde, dünýä münberlerinde goldanylýan tekliplerinde, Watanymyzyň şan-şöhratynda aýdyň görünýär. Bizem geljekde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny goldap, bize bildirilýän ynamy ödäp, ata Watanymyzyň ösüşini berkarar etmekde, ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmekde yhlasly zähmet çekeris. Biziň döwletimiziň şan-şöhratyny, abraý-mertebesini belende ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR