Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa öz agtyklary bilen gaýynenesi Ogulabat ejäniň elinden çykan, nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalaryny we olary örmek üçin ulanan iş guralyny Paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurmagy mynasybetli Balkan welaýatynyň Esenguly etrap medeniýet merkezinde «Mährem enäň mähir siňen mirasy» ady bilen amaly-haşam sergisi gurnaldy. Sergide türkmen zenanlara mahsus bolan el işleriniň dürli görnüşleri öz mynasyp ornuny tapdy. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine hem-de gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň dünýä derejesinde ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi üçin bagyşlady. Türkmen zenanlarymyzyň dünýä nusgalyk el işleri daşary ýurduň sergilerinde-de ajaýyp şugla saçýar. Etrabymyzyň medeniýet merkezinde gurnalan amaly-haşam sergisinde-de, diňe bir gelin-gyzlarymyzyň el işleri däl, eýsem ýaş nesillerimiziň hem el işleri sergä mynasyp goşandyny goşdy.
Bir söz bilen jemlenende, baý medeni mirasymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýän el işlerimiziň nusgalyk mekdep bolmagy bilen, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň edep-terbiýesini, gylyk-häsiýetini özünde jemleýär. Ene-mamalarymyzdan bize miras galan milliligimizi dowam etdirmek üçin giň ýollary açyp beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag,ömürleri uzak bolsun, belent başlary aman bolsun!
Abat MAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.