Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň gurnamagynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eseriniň terbiýeçilik ähmiýetini ýaşlarymyza düşündirmek maksady bilen, «Ömrümiň manysynyň dowamaty — nesil terbiýesiniň hazynasy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserinde beýan edilýän garaýyşlar okyjyny döwletli döwranymyz, şan-şöhratly taryhymyz, medeniýetimiz hakyndaky çuňňur oýlaryň dünýäsine atarýandygyny, eserde halk döredijiliginiň, geçmişiň görnükli şahsyýetleriniň, filosoflarynyň pähimli sözleriniň ulanylmagy hem-de edebi taýdan ussatlyk bilen beýan edilmegi türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsini düşündirýän gollanma bolup durýandygyny aýdyp geçdiler. Kitapda Gahryman Arkadagymyzyň öz ömrüniň manyly menzilleri hakyndaky ýatlamalary, bütin adamzat üçin gymmatly bolan pikir-garaýyşlar, Watanymyzyň ösüş menzilleri beýan edilýär.
Duşuşygyň ahyrynda çärä gatnaşanlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Güljemal BAÝLYÝEWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň esasy hünärmeni.