BILIMLI NESIL — WATANYMYZYŇ KUWWATY

     Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty, olaryň jemgyýete üstünlikli goşulyşmagyny üpjün edýän şertleri we giň mümkinçilikleri döredýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, kabul edilen we hereket edýän milli kanunçylyk namalaryna we ýaşlara niýetlenen ýörite ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýär. “Türkmenistanyň ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň” kabul edilmegi, möhüm ähmiýete eýedir. Bu maksatnamada ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygy, döwlet goldawy öz beýanyny tapýar.

     Bilim ulgamy ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýaşlar ýurduň geljegidir. Ylymlaryň we innowasiýalaryň eýýamy bolan häzirki döwürde ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň döwrebap başarnyklary, zerur bilimleri ele almaklygy döwletimiziň geljeginiň ynamly kepilini kemala getirýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen okuw mekdeplerinde döwrebap tehnologiýalar, häzirki zamanyň iň täze kompýuterleri, barlaghana enjamlary, interaktiw tagtalar ornaşdyrylýar. Okuw meýilnamalaryna täze dersler girizilýär, maksatnamalar döwrüň talaplaryna laýyklykda işlenilip düzülýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sany artýar, täze döwrebap okuw binalary gurlup, ulanylmaga berilýär, olarda birnäçe döwrebap hünärmenleri taýýarlamak ýola goýulýar.

     Arkadagly Serdarymyzyň aladalary bilen bilim ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şeýle döwletli özgertmeler bagtyýar ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, ýüreklerinde beslän hünärleriniň eýesi bolup, bu babatda bilimlerini artdyrmaga itergi berýär.

 

Gültäç ALYHANOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat

Geňeşiniň umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR