TÜRKMENISTANYŇ WE HYTAÝYŇ FUTBOL BOÝUNÇA ÝAŞLAR ÝYGYNDYLARYNYŇ (U-23) ARASYNDA ÝOLDAŞLYK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary (U23) Aziýanyň Kubogy – 2024-iň saýlama tapgyrynyň öňüsyrasy geçirýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda Hytaýyň ýaşlar ýygyndysy (U23) topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

     Hytaýyň Dalýan şäherindäki stadionda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygy 2:0 hasabynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy. Türkmen ýygyndysyna ýeňiş getiren toplary Meýlis Durdyýew (51-nji minut) bilen Nurmyrat Rozyýew (71-nji minut) öz atlaryna ýazdyrdylar. Ahmet Agamyradowyň şägirtleri okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda ýene-de bir ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär.

     Ýygyndy toparyň tälimçiler düzüminiň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna gatnaşmak üçin milli ligalarda çykyş edýän futbolçylaryň 23-sini çagyrandyklaryny bellemek gerek.

     Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň «K» toparçasynda Indoneziýanyň hem-de Hytaý Taýpeýiniň ýygyndy toparlary bilen duşuşar. «K» toparçanyň duşuşyklary 6 — 12-nji sentýabr aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Indoneziýada geçiriler.

     Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2024-nji ýylda Katar döwletinde geçiriler.

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 115 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR