ATF AŞGABATDA 12 ÝAŞA ÇENLI ÇAGALARYŇ ARASYNDA MERKEZI AZIÝA ÇEMPIONATYNYŇ GURALYŞYNA ÝOKARY BAHA BERDI

     Aziýa tennis federasiýasy (ATF) Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Aşgabatda 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Merkezi Aziýa toparlaýyn çempionatynyň guralyşyna ýokary baha berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

     Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) ýolbaşçylary şu ýylyň iýunynda Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň toparlarynyň gatnaşmagynda türkmen paýtagtynyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen sebit çempionatynyň tennis ýaryşlaryny guramagyň ajap mysalydygyny bellediler. Bu barada ATF-nyň Aziýada sportuň şu görnüşini ösdürmek boýunça milli assosiýasiýalaryň ýolbaşçylary üçin Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) guralan halkara seminarynda habar berildi.

     32 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy Eziz Döwletow Aziýa tennis federasiýasynyň prezidenti Kitsombat Eammongkol we Aziýa tennis federasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Manprit Kandhari bilen duşuşyk geçirildi.

     TTF-niň başlygy goldawy we seminara çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, ATF-nyň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanda we sebitde tennisiň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda TTF-niň Türkmenistanda tennisiň ösmegine uly ähmiýet berýändigi, türgenleriň oýnunyň derejesini we hilini ýokarlandyrmakda alyp barýan işleri nygtaldy.

     Geçen ýyl Dewisiň Kubogy ugrunda ýaryşyň Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynyň ýeňijisi, halkara we milli ýaryşlaryň ençemesinde baýrakly orunlary eýelän, Dewisiň Kubogy ugrunda ýaryşy we Billi Ging Kingiň Kubogy ugrunda ýaryşy geçirmek boýunça ITF-niň prezidentiniň ýanyndaky halkara iş toparyň agzasy, sport ussady Eziz Döwletowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň tennis federasiýasy tarapyndan tälimçileriň bilim almagyna, hünärleriniň ösmegine uly üns berilýär. Mysal üçin, häzirki wagtda Türkmenistanda ITF Play Tennis giriş kursyny tamamlan 40-dan gowrak sertifikatly tälimçi çagalar ýaňy oýnap başlan oýunçylara tälim berýär. ITF Level 1-nji derejeli şahadatnamasyny alan halypalaryň sany bolsa eýýäm 18 adama ýetdi.

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 115 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR