14-nji oktýabrda milli Liderimiz Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Izabel Gineli kabul etdi.
Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşuryp, wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostluk ýörelgelerini hem-de netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge berilýän uly ähmiýetini nygtaýan mähirli sözlerini beýan etdi. Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň ýolbaşçysyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Türkmenistanyň deňhukuklylyk, ynanyşmak hem-de özara bähbitli esasda guralýan döwletara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga aýratyn üns berýändigi nygtaldy. Biziň ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, Fransiýa bilen ikitaraplaýyn, şonuň ýaly-da, köpugurly görnüşde, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygy bellenildi.
Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda milli Liderimiz we Fransiýanyň doly ygtyýarly wekili döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga taraplaryň gyzyklanma bildirýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar. Ilçi köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini hem-de ony ösdürmek üçin bar bolan ägirt uly kuwwaty belläp, munuň döwlet Baştutanymyzyň Ýewropa ýurtlary bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän netijeli syýasaty esasynda mümkin bolandygyny nygtady. Şeýle hem ol türkmen Lideriniň syýasy-ykdysady we medeni gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň soňky ýyllarda örän köp ulgamlarda durmuşa geçirilýän köp sanly möhüm bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli bolmagyny kesgitländigini belledi. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýan iri fransuz kompaniýalarynyň ýurdumyz bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary aýdyň mysal hökmünde getirildi.
Söhbetdeşler iki ýurduň döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegi özara maksat edinýändiklerini tassyklap, mundan beýläk hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Esasy ugurlar hökmünde ýangyç-energetika ulgamy, söwda-ykdysady pudagy, aragatnaşyk, ekologiýa, suw hojalygy, şähergurluşygy we beýlekiler agzaldy. Ylymda, medeniýetde, bilimde, saglygy goraýyşda, sport hemde syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň we hemmetaraplaýyn giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy.
Fransuz tarapy Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy bilen ady rowaýata öwrülen türkmen bedewlerini hem-de alabaýlaryny köpeltmekde, wagyz etmekde gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna aýratyn gyzyklanma bildirýär. Şeýle hem şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmeginiň arheologiýa we älem giňişligi ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy bilen alamatlandyryljakdygyna ynam bildirildi. Fransiýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bu barada Kararnamanyň kabul edilen pursadyndan başlap, yzygiderli goldaýar. 2021-nji ýylyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda geçiriljek çäreler we bilelikdäki işler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz hem-de Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi şu ýylyň iýun aýynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň netijeli häsiýetini belläp, has uly isleg hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän şeýle ikitaraplaýyn gepleşikleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyna ynam bildirdiler. Hanym Izabel Ginel duşuşmaga wagt tapandygy hem-de Fransiýanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň baştutany hökmünde işlerinde üstünlikleri arzuw edendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge tarap alnan ugry dowam etmek bilen, hoşniýetli gatnaşyklary depginli ösdürmäge ýardam bermek üçin hemme tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna hormatly Prezidentimizi ynandyrdy.
“Nesil” gazeti,
17.10.2020ý.