Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi ilkinji nobatda ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly asylly maksatlardan ugur alýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýol hereketiniň asudalygyny, howpsuzlygyny üpjün etmek, pyýadalaryň we sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjelerini ýokarlandyrmak, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Muňa «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly geçirilýän biraýlygyň dowamyndaky meýilnama boýunça tassyklanan toplumlaýyn çäreler aýdyň şaýatlyk edýär.
Şeýle çäreleriň biri hem, TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşi, şäher prokuraturasy, welaýat polisiýa müdirligi, ýol gözegçilik gullugy bilen bilelikde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlaryň arasynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen geçirildi. Çärede çykyş edenler ýol hereketine gatnaşyjylaryň ýolda özüni alyp barmagynyň medeniýeti, pyýada ýolagçy bilen sürüjiniň sazlaşykly hereketi, ýolda howpsuzlygy berjaý etmek barada ündäp çykyş etdiler. Elbetde, alnyp barylýan bu işler bolsa özüniň oňyn netijesini berýär hem-de ýollarymyzyň asudalygyny, ömrümiziň rahatlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolýar.
Halkymyzyň saglygy we eşretli ýaşaýşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.