ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY — ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

   Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň gurnamagynda Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň 31-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda orta mekdeplerde bilim alýan mekdep okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda «Hereketiň sazlaşygy — ak ýollaryň ýaraşygy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda iň ýokary gymmatlyk adam hasaplanýan ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ählisi ynsan saglygyny goramakdan, il-günüň abadan durmuşda ýaşamagyndan gözbaş alýandygyny nygtap geçdiler.

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ileri tutulýan wajyp meseleleriň biri hasaplanýar. Şulardan ugur alnyp, ýol hereketiniň düzgünleri boýunça ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasynda düşündiriş sapaklarydyr wagyz-nesihat işlerine giň gerim berilýär. Goý, elmydama ýollarymyz asuda, illerimiz abadan bolsun! Halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun!

 

 

 

Nartäç GANÝOKMAZOWA,

TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR