ADAM SAGLYGY — DÖWLET SY­ÝA­SA­TY­MY­ZYŇ MÖ­HÜM UG­RY

Hormatly Prezidentimiz ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça iş maslahatyny geçirdi

Bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miz­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da «Sag­lyk» Döw­let mak­satna­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, ila­ty­my­zyň sag­lyk ýag­da­ýy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak, adam öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak, sag­ly­gy go­ra­ýyş hyz­mat­la­ry­ny hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ös­dür­mek, öň­de­ba­ry­jy luk­man­çy­lyk yl­my­na, tej­ri­be­si­ne esas­lan­ýan kä­mil we ýo­ka­ry de­re­je­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ös­dür­mek ug­run­da bi­möç­ber ta­gal­la­lar edil­ýär. Aýratyn-da, ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. Yn­ha, 20-nji okt­ýabr­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Türk­me­nis­ta­nyň Ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­ýän adat­dan da­şa­ry to­pa­ryň baş­ly­gy, sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nist­ri bi­len ge­çi­ren iş mas­la­ha­ty hem mu­nuň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bol­dy.

Maslahatyň barşynda arassaçylyk babatda abadançylygy saklamak, ýokanç keselleriň ýaýramagyna gözegçilik etmek we öňüni almak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirmek, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministr bu ugurda alnyp barylýan işler barada hormatly Prezidentimize hasabat berip, döredilen giň mümkinçilikleriň netijesinde, ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça netijeli epidemiologiýa gözegçilik ulgamynyň işiniň ýola goýlandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýiti öýken sowuklama keseliniň dünýäde dörän ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan bu howpa garşy hereket etmek boýunça zerur çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişdi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Dolandyryş merkezi we Türkmenabat şäherinde Ýerli Dolandyryş merkezi döredildi. Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň yzygiderli işi ýola goýuldy. Şu wagta çenli bu toparyň mejlisleriniň 71-si geçirildi, olarda möhüm kararlar kabul edildi hem-de çözgütler çykaryldy. Ýiti ýokanç keseliň ýurdumyza getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, üç halkalaýyn öňüni alyş ulgamy döredildi. Serhetýaka çäklerdäki etraplaryň arasynda gözegçilik nokatlary döredilip, ilatyň hereketine we saglyk ýagdaýyna gözegçilik işleri amala aşyryldy, gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň ählisi tiz lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur bolan serişdeler hem-de dikuçarlar bilen üpjün edildi.

Milli Liderimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirip, Farap, Sarahs we Garabogaz Döwlet serhet gözegçilik-geçiriş ýerlerinde 80 orunlyk karantin gözegçilik nokatlary guruldy. Döwlet serhediniň 9 sany, şol sanda Balkan welaýatynda — Garabogaz, Serhetýaka, Türkmenbaşy we Etrek, Ahal welaýatynda — Kaka, Sarahs, Mary welaýatynda Serhetabat, Lebap welaýatynda — Ymamnazar we Farap gözegçilik geçiriş ýerlerinde ulaglar üçin zyýansyzlandyryş geçelgeleri, zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa we zyýansyzlandyryş-fumigasiýa desgalary guruldy. Gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda näsaglara saglygy goraýyş kömegini bermek we nusgalyklary barlaghana alyp gitmek üçin ýurdumyzdaky gözegçilik-geçiriş nokatlarynda dikuçarlaryň nobatçylygy ýola goýuldy. Geljekde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan lukmançylyk ulgamyna degişli dikuçarlary almak göz öňünde tutulýar. Daşary ýurtlarda bolup gelen raýatlaryň saglygyna gözegçilik etmek üçin Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerinde hem-de Garabogaz şäherçesinde meýdan gospitallarynyň işi guraldy.

Ýokanç keselleri halkara ülňülere laýyk gelýän Polomeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PZR) barlagy arkaly anyklamak üçin ýurdumyz boýunça paýtagtymyzda we welaýatlarda 19 sany barlaghana hereket edýär. Bu barlaghanalar Günorta Koreýa, Şweýsariýa, Germaniýa we Türkiýe döwletlerinden getirilen anyklaýyş serişdeleri bilen üpjün edildi. Şeýle hem möwsümleýin dümew keseline garşy waksinanyň 240 müň dozasy ýurdumyza getirildi, ilatymyzyň töwekgel toparlarynyň arasynda sanjym işleri geçirildi we bu işler dowam edýär. Agyz-burun örtüklerini, gorag we zyýansyzlandyryş serişdelerini hem-de lukmanlar üçin niýetlenen egin-eşikleri öndürmek ýola goýuldy.

Ministr milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak barada edýän hemaýat-goldawlary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, gurlup, ulanmaga taýýar edilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky ýokanç keseller hassahanasynyň we Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesindäki şypahananyň açylyş dabarasyna ak pata bermegini hormatly Prezidentimizden haýyş etdi. Hasabaty diňläp, milli Liderimiz türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleriň döwletimiziň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny we özüne wezipeleriň tutuş toplumyny birleşdirýändigini nygtady.

Dünýäniň köp ýurtlarynda koronawirus ýokanjynyň täzeden möwç almagynyň ynjalyksyzlyk döredýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz hökümetiň bu ýagdaýy gözegçilikde saklaýandygyny hem-de zerur bolan çäreleri görýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz kesellerden goranmak üçin agyz-burun örtüklerini dakynmagy, howpsuz aralygy saklamagy, elleri zyýansyzlandyrmagy, beden gyzgynyna gözegçilik etmegi, üzärlik tütetmegi, arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmegi dowam etmegiň möhümdigini aýdyp, saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçysyna köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyşlary guramagy hem-de düşündiriş, wagyz ediş çärelerini geçirmegi ýola goýmagy tabşyrdy. Ilatymyzyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek we dispanserizasiýa işlerini dowam etmek, ilatyň arasynda möwsümleýin dümew keseliniň öňüni alyş sanjymlaryny geçirmegi dowam etmek, bu serişdeleriň zerur bolan möçberlerini satyn almak möhüm çäreleriň hatarynda kesgitlenildi.

Iş maslahatyny jemläp, milli Liderimiz türkmen lukmanlaryna hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygy ugrunda göreşýän adamlaryň hemmesine öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

22.10.2020ý.