GARAŞSYZLYK — BAKY BAGTYŇ GÖZBAŞY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda her bir günümiz toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak wakalara beslenýär. Ýurdumyzda uly ruhubelentlik bilen bellenilýän baýramlaryň naýbaşysy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuna halkymyz zähmet üstünlikleri bilen barýar. Ahli pudaklarda ylymda, bilimde, oba hojalykda, medeniýetde, senagatda uly ösüşler gazanylýar.

     Mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen halkynyň täze belentlige göterilmesidir, türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk ýyllarynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy ýüreklerinde ýaşan arzuw-umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda täze ruhda, täze öwüşginde hasyl boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Garaşsyzlyk Türkmenistan Watanymyzyň, merdana halkymyzyň adyny dünýä tanatdy, şöhratymyzy, mertebämizi äleme ýaýdy» diýip, uly buýsanç bilen belleýşi ýaly, Garaşsyzlygymyzyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylan beýik işleriň her biri asyrlara barabardyr.

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmakda saldamly goşant goşýar. Ynha bu gün hem gojaman Hazaryň Türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň, Türkmenbaşy şäher medeniýet bölüminiň, Türkmenbaşy şäher häkimliginiň, Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramaklarynda «Garaşsyzlyk — baky bagtyň gözbaşy» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenbaşy şäheriniň medeniýet we sungat ussatlary Watanymyzy, bagtyýar döwrümizi wasp edýän  çykyşlary ýerine ýetirdiler. Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda çäre gatnaşyjylar Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýy bilen Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, bütin türkmen halkymyza tüýs ýürekden gutlag sözlerini beýan etdiler.

     Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW,

TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR