Ik-ýüň, pamyk ýaly süýümli zatlary egirmek üçin ulanylýan gadymy sada el guraly bolup, ol gural erigiň, ýylgynyň göni şahasyndan ýasalýar. Bu hakda il arasynda «Pylanynyň ogly ik ýaly göneläýipdir» diýen söz hem bar.
Igiň başlanýan ýerinde ýörite gädik edilip, oňa süýümiň bir ujy ildirilýär. Emele gelen ýüplükler şonuň üsti bilen geçýär. Gowy pyrlanmagy üçin igiň aşak ujuna içi deşik güberçek şekilli agaç geýdirilýär. Oňa ikbaş diýilýär. Ik we ikbaş baradaky jümlelere türkmen ýazyjylarynyň eserleridir halk ertekilerinde-de duş gelmek bolýar. Ata Gowşudowyň «Köpetdagyň eteginde» atly romanynda «Pökgeniň aýaly pyrlanyp duran igini saklady-da, gülümsiräp, gürrüň bermäge durdy» diýlip görkezilmegi hem bu sada el guralynyň gadymylygyndan habar berýär. Gadymy senedimiz bolsa müdimi senedimizdir. Ene-mamalarymyzyň ýüň jorapdyr ellik örmek üçin ýüplügi öýlerde häli-bu güne çenli ikde egirýändiklerine duşmak bolýar.
Milli mirasymyz bolan gadymy egirme-dokma senetçilik gurallarymyzyň dürli nusgalary häzir muzeýlerimiziň tekjelerini hem bezeýär.
Gülnur REJEPOWA,
«Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet
goraghanasynyň hünärmeni,
TMÝG-nyň işjeň agzasy.