PAÝHAS ÇEŞMESINDEN NAKYLLAR

Il bilen gelen toýda-baýram.

* * *

Il bilen kesilen barmak awamaz.

* * *

Il çalan surnaýyň sesi uzakdan geler.

* * *

Il dälirese dälire, il gudurasa gudura.

* * *

Il dälirese, molla gider, molla dälirese, nirä gider?

* * *

Il dälisini çöle atmaz.

* * *

Il geçen köprüden, sen hem geç.

* * *

Il gözi – terezi.

* * *

Il igenji ilden çykarar.

* * *

Il ile goşulsa – döwlet, bölünse – mähnet.

* * *

Il ile söýener, dag – daga.

* * *

Il ogrusyz bolmaz, dag – börüsiz.

* * *

Il oňlasa, atyňy soý.

 

* * *

Il ortasy – gök çemen.

* * *

Il ugruna eşek ürkmüş.

* * *

Il ýumrugyny datmadyk öz ýumrugyny batman saýar.

* * *

Ilçä ölüm ýok.

* * *

Ilden çyksa, it hem aglar.

* * *

Ilden çyksaň çyk, nyrhdan çykma.

* * *

Ilden tama edeniň bilen ryzk açylmaz.

* * *

Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler,

Ilden döwlet gider bolsa, töre bilen tozan geler.

* * *

Ile sygan – il bolar.

* * *

Ilim abat – özüm abat.

* * *

Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn.

* * *

Iliň agzy bir bolsa, dagy goparar.

 

* * *

Iliň akyly bilen akylly bolup bolmaz.

* * *

Iliň aýby – gülki, öz aýbyň – ölüm.

* * *

Iliň bereni – dadymlyk, Hudaýyň bereni – doýumlyk.

* * *

Iliň güýji – siliň güýji.

* * *

Ilini sylan bal iýer.

* * *

Ilini sylan beg bolar.

* * *

Ilini ýamanlan gyrda öler

Öňki makala

Indiki makala

IK

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 398 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 386 okalan

KESIR