Garaşsyz Diýarymyzda birnäçe ýyldan bäri tylla güýzüň ilkinji aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk giňden bellenip geçilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn ösmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap binalar, ýollar gurlup ulanylmaga berilýär. Ulag serişdeleriniň sanynyň artmagy ýol hereketiniň gözegçilikde saklanmagyny talap edýär. Şonuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegi ugrunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde möhüm işler alnyp barylýar, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak babatynda giň gerimli işler amala aşyrylýar.
«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi, Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy bilen bilelikde edara-kärhanalarda, umumybilim berýän orta mekdeplerde, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerde bilim alýan ýaşlaryň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri hem «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda çykyş edenler ýol hereketiniň düzgünleri, ýol ulag hadysalarynda bolýan ýagdaýlaryň jenaýat alamatlarynyň hem bardygyny we käbir ýol ulag hadysalarynyň adam pidalaryna getirýändigini aýdyp, bu barada mysallar getirdiler. Wagyz-nesihat duşuşygyň dowamynda ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek şeýle-de sürüji we pyýadanyň köçe-ýol hereketiniň kadalary dogrusynda sorag jogap alyşdylar.
Ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy hasaplanylýan adam hakda aladanyň aýdyň beýany bolan bu ählihalk çärelerine iri jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar. Ömrümiziň rahatlygyna, bagtyýarlygymyza gönükdirilen biraýlyga işjeň gatnaşmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Ýurdumyzy ösdürmekde alyp barýan beýik işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Güljemal BAÝLYÝEWA
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň esasy hünärmeni.