Munuň şeýledigini 5-nji noýabrda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisi ýene-de bir gezek subut edýär.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şoňa laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işler sazlaşykly we talabalaýyk guralyp, öňde goýlan möhüm wezipelere jogapkärçilikli çemeleşilýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň 5-nji noýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň on aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemlerine bagyşlanan sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisiniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Onda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, içeri we daşary syýasatyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.
Hasabatlardan görnüşi ýaly, geçen on aýyň dowamynda milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini okgunly ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen oňyn netijeler gazanyldy, ýagny jemi içerki önümiň 5,8 göterim ösüşini gazanmak üpjün edildi. Aýratyn bellemeli zat, edermen pagtaçylarymyzyň «ak altyn» taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirendigi baradaky hoş habardyr. Şeýle hem ýurdumyzda bugdaý ekişi üstünlikli tamamlandy: geljek ýylyň hasyly üçin 690 müň gektar meýdana däne ekildi. Bularyň ählisi gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň dabaralanýandygyny äşgär görkezýän hakykatdyr.
Şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işler we gazanylan netijeler:
Obasenagat toplumy boýunça:
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, toplum boýunça önümçiligiň umumy mukdary 104,2 göterime barabar boldy.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça önümçiligiň umumy möçberi 104 göterime ýetdi.
Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça önümçiligiň umumy möçberi 105,9 göterime deň boldy.
«Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça önümçiligiň umumy möçberi 103,5 göterime barabar boldy.
Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 137 göterim ýerine ýetirildi.
Ykdysadyýet we maliýe ulgamlary boýunça:
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,1 göterim köpeldi.
Bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 18,9 göterim ýokarlandy.
Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 87,4 göterim ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,3 göterim köpeldi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň mukdary 25 milliard manada deň boldy.
Nebitgaz toplumy boýunça:
Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşy boýunça meýilnama 101 göterim ýerine ýetirildi.
Nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,4 göterime barabar boldy.
Benzin öndürmek boýunça meýilnama 107,5 göterime deň boldy.
Dizel ýangyjyny öndürmek baradaky meýilnama 106,4 göterim ýerine ýetirildi.
Tebigy we ugurdaş gazy çykarmak baradaky meýilnama 100,1 göterime barabar boldy.
«Mawy ýangyjy» eksport etmek boýunça meýilnama 100,2 göterime deň boldy.
Maýa goýumlary özleşdirmek baradaky meýilnama 106,2 göterim ýerine ýetirildi.
Suwuklandyrylan gaz önümçiliginiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 123,6 göterime barabar boldy.
Ulag we kommunikasiýa toplumlary boýunça:
Toplum boýunça önümçilik meýilnamasy 118,4 göterim ýerine ýetirildi.
«Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça ösüş 101,8 göterime deň boldy.
«Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ösüş 112,6 göterime ýetdi.
«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 112,9 göterim ösüş gazanyldy.
«Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça degişli işler alnyp baryldy.
Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamak hemde ýolagçy gatnatmak boýunça meýilnama degişlilikde, 111,6 göterime we 100,6 göterime deň boldy.
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça ösüş 108,5 göterime ýetdi.
Gurluşyk we senagat toplumy boýunça:
Toplumda önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça bellenilen meýilnama 116,2 göterim ýerine ýetirilip, ösüş 122,1 göterime barabar boldy.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 109,8 göterim ýerine ýetirilip, 108,2 göterim ösüş gazanyldy.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň hemde ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 104 göterim berjaý edildi, ösüş 107,8 göterime deň boldy.
Energetika ministrligi boýunça önüm öndürilişiniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 132,6 göterime deň bolup, meýilnama 118,7 göterim ýerine ýetirildi.
Elektrik energiýasyny öndürmek boýunça meýilnama 106,1 göterim ýerine ýetirilip, 118,8 göterim ösüş gazanyldy.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 131,3 göterim ýerine ýetirildi, ösüş 156,5 göterime barabar boldy.
Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler hem-de hyzmatlar boýunça meýilnama 114 göterim berjaý edildi.
Söwda toplumy boýunça:
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça haryt dolanyşygynyň mukdarynyň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,6 göterime barabar bolup, önüm öndürmek boýunça 107 göterim ösüş gazanyldy.
Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan çykarylan önümleriň, şol sanda pagta ýüplüginiň we nah matalaryň önümçiliginiň mukdary, degişlilikde, 104 göterime we 101,2 göterime, tikin hem-de örme önümleriniň çykarylyşynyň möçberi 117,4 göterime, gön önümleriniň çykarylyşynyň möçberi 103,2 göterime deň boldy.
«Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 111,8 göterim ýerine ýetirildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan birža söwdalarynyň 231-si geçirilip, 23 müň 62 şertnama baglaşyldy.
Söwda-senagat edarasy boýunça amala aşyrylan işleriň ösüşi 107,1 göterime barabar boldy. Şu döwürde sergileriň 5-si hem-de wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlaryň 25-si geçirildi.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň öndürilişiniň mukdary 133 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi 110,2 göterim ýokarlandy.
Medeniýet ulgamy boýunça:
Dürli medeni çäreler guraldy, dünýäniň dürli döwletleri bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly halkara ähmiýetli çäreler geçirildi, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek hakynda daşary ýurtlaryň döwlet edaralarynyň arasynda diplomatik ýollar arkaly birnäçe resminamalaryň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.
Ulgamyň edaralarynyň, şol sanda muzeýleriň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, olara wirtual syýahaty ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp baryldy.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça önümçilik meýilnamasy 106,9 göterim ýerine ýetirildi.
Bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlary boýunça:
On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek hemde daşary ýurt dillerini okatmak boýunça işler dowam etdirildi.
Okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 133 görnüşi neşir edildi.
Mekdep okuwçylary we talyplar halkara internet-ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, dürli derejedäki medallaryň hem-de diplomlaryň ençemesiniň eýeleri boldular.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işler seljerildi. Golýazmalaryň 891-sine seredilip, şolaryň 869-sy makullanyldy, oýlap tapyşyň bäşisine patent alyndy, innowasiýa tehnologiýalarynyň 4-si önümçilige ornaşdyryldy.
«Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» kabul edildi.
Ylymlar güni mynasybetli onlaýn görnüşinde «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
Türkmen hünärmenleri halkara ýaryşlarda çykyş etmek maksady bilen, türgenleşmek işlerini dowam edýärler. Biziň milli ýygyndy toparymyz 32-nji tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek üçin, Olimpiýa şäherçesinde sportuň 7 görnüşi boýunça türgenleşýärler.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygy mynasybetli sportuň awtomobil görnüşi boýunça ýurdumyzyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi.
Içerki ýaryşlaryň 65-si hem-de köpçülikleýin sport çäreleriniň 58-si geçirildi.
Halkara gatnaşyklary ulgamynda:
Hormatly Prezidentimiziň 11-nji martda Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary boldy, 17-nji sentýabrda Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň ýurdumyza iş saparyny amala aşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşdy, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisine, Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça halkara foruma gatnaşyjylara wideoýazgy arkaly ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş sekretary hem-de birnäçe döwletleriň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirildi.
Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Türkmenistana daşary ýurt wekiliýetleriniň 40-sy geldi. Ýurdumyzyň wekiliýetleriniň 86-sy daşary ýurtlara iberildi.
Göni wideoaragatnaşyk arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 816-sy geçirildi.
Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýylyň dowamynda halkara resminamalaryň 92-sine gol çekildi.
Milli parlamentde:
Degişli döwürde milli parlamentiň maslahatlarynyň 4-si geçirilip, şolarda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 57-si hem-de Mejlisiň Kararlarynyň 38-si kabul edildi.
Mejlisiň 2020-nji ýyl üçin kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasyna laýyklykda, iş toparlarynda täze kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak işi dowam etdirilýär. Hereket edýän kanunlara seljerme işleri yzygiderli geçirilýär.
Mejlisiň deputatlary öz saýlaw okruglarynda iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, edara-kärhanalarda, daýhan birleşiklerinde, okuw-mekdeplerinde Halk Maslahatynyň kararlarynyň ähmiýeti, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, milli ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çärelerine, maslahatlara gatnaşdylar.
Öňde goýlan wezipeler, gol çekilen resminamalar:
Hormatly Prezidentimiz pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen eziz Diýarymyzyň merdana «ak altyn» ussatlaryny hem-de ähli oba hojalyk işgärlerini tüýs ýürekden gutlap, zähmetde tapawutlanyp, ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky degişli Permana gol çekdi.
7-nji noýabrda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ýagny bag ekmek boýunça ekologiýa çäresini guramaçylykly geçirmeli.
Ilaty gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek, täze ýyladyşhanalary gurmak meselelerine aýratyn üns bermeli.
Ykdysadyýetimizde hususylaşdyrmak we senagatlaşdyrmak, sanly ulgama geçmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek işlerini işjeňleşdirmeli, kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişini düýpli seljermeli.
Bir aýyň dowamynda 2020 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek strategiýasyny tassyklamaga bermeli we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde hususylaşdyrmak hakyndaky kanunlarymyzy täzelemeli.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmaly, şeýle hem ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýyny giňişleýin seljermeli.
Gurluşyk toplumynda özgertmeleri gysga wagtda amala aşyrmaly, bu ugurdan zerur bolan hünärmenleri taýýarlamagy, toplumyň kärhanalarynyň ýagdaýyny seljermek işlerini çaltlandyrmaly.
Telekeçilik pudagyny ösdürmegi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň hususy bölegini döwlet tarapyndan goldamak boýunça nobatdaky çäreleri taýýarlamaly, hususan-da, oba hojalyk önümlerini öndürýän hususy oba hojalyk firmalarynyň işlerini işjeňleşdirmeli.
Teleýaýlymlary maglumat žurnalistikasynyň iň täze nusgalary bilen üpjün etmeli, gepleşikleri bermegiň hilini gowulandyrmaly hem-de tomaşaçylary gyzyklandyryp biljek täze gepleşikleri, şüweleňleri taýýarlamaly.
Bitaraplygymyzyň şanly senesine hem-de Täze ýyl baýramçylygyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmeli, ähli welaýat merkezlerinde, obalarda, şäherlerde baýramçylyk dabaralaryny hemde konsertleri geçirmeli.
Milli Liderimiz «Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine döwrebap enjamlary satyn almak hakynda» Karara gol çekdi.
Ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn hem-de ylmy-usulyýet binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işleri, şeýle hem ylmy edaralary sanly ulgama geçirmegi güýçlendirmeli.
Dünýädäki häzirki ýeňil bolmadyk ýagdaýy göz öňünde tutup, geljek ýylyň halkara çäreleriniň, saparlaryň, geçiriljek halkara maslahatlaryňdyr duşuşyklaryň meýilnamalarynyň üstünde işlemeli.
Deputatlar eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çärelere taýýarlyk görmäge we geçirmäge, ýaş nesli terbiýelemek işine, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge işjeň gatnaşmaly.
Bitaraplyk baýramy mynasybetli mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekip, uly üstünlikleri gazanan mynasyp raýatlarymyzy döwlet sylaglary, täze ýubileý medaly bilen sylaglamak baradaky teklipleri bermeli.
“Nesil” gazeti,
07.11.2020ý.