Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaş nesilleri baradaky dyngysyz aladalary gündelik durmuşymyzda öz beýanyny tapýar. Ýaşlary dogry ýola gönükdirip, olaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmeklik bolsa jemgyýetçilik guramalarynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şeýle ýagşy maksat-niýetlere özboluşly goşant goşmak üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, welaýat polisiýa müdirligi bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk bilimlerini artdyrmak, nesil terbiýesi meselesinde bilim edaralary bilen ata-eneleriň sazlaşykly hereketlerini ýola goýmak, ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, jenaýatçylygyň öňüni almak maksady bilen orta mekdep okuwçylaryň gatnaşmagynda «Sagdyn ýaşlar — watanmyzyň geljegi» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.
Duşuşykda çykyş eden myhmanlar ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaş nesiller barada örän uly aladalaryň edilýändigini, ýaş nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek, adamzadyň saglygyna zyýan ýetirýän ýaramaz endikleriň saglygyna zyýanly täsirleri barada durmuş hakykatlaryna salgylanmak arkaly gürrüň berdiler we biziň şeýle eşretli, parahat durmuşymyzyň we asuda ýaşaýşymyzyň sakasynda duran hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.