BUÝSANÇLY WAKALARYŇ BEÝANY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň ösüşi bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Bu ajaýyp döwürde ýurdumyzyň halkara abraýy belende galmak bilen, halkymyzyň abadan, bagtyýar, asuda durmuşynyň binýady has-da berkeýär. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, Türkmenbaşy şäher Geňeşi bilen bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty dogrusynda, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara Deňiz portunyň “Ýolagçy-parom terminalynda” halkara ynsanperwer, dost-doganlykly syýasaty dogrusynda tegelek stoluň başynda söhbetli duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda duşuşyga gatnaşan ýaşlar ýurdumyzda geçirilen Halk maslahatynyň Mejlisinden gelip çykýan wezipeler, onda garalan meseleler, hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden taryhy çykyşy, Täjigistan respublikasynda gatnaşan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň V konsultatiw duşuşygy esasynda täsirli gürrüňler berdiler. Aýratyn hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32-ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda belent ösüşiň bähbidine geçirilýän Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Mejlisi aýratyn mana eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň özüniň taryhy çykyşynda «Döwür öňümizde täze-täze wezipeleri goýýar» diýip bellemegi, döwleti we jemgyýeti ösdürmekde milli nusgamyz bolup, döwlet syýasatynyň binýatlyk esaslaryny düzýär. Maslahatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem öz çykyşynda “Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaşlar düzýär. Biz olara berkarar Watanymyzyň geljegini gurujular hökmünde garaýarys” diýip nygtamagy bolsa, biz türkmen ýaşlarynyň başyny göge ýetirdi. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýaşlar bilen işleşýän guramalaryň işlerini güýçlendirmegi, olaryň hukuk we maliýe meselelerini geljekde hem kämilleşdirmek dogrusynda eden çykyşy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Maslahatda Arkadagly Serdarymyza Watanymyzyň abraý-mertebesini tanalmaz derejä ýetirmek üçin oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde alyp barýan asylly işleri, ata-babalarymyzdan miras galan ýörelgelere esaslanyp ýaşuly nesle hormat goýmagy, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýeläp, Watana söýgi döretmegi esasynda «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylmagy, «Altyn Aý» nyşanynyň gowşurylmagy biz ýaşlaryň buýsançly başyny ýene bir ýola belende göterdi.

     Ýaşlar barada taýsyz tagallalary edýän, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlaryny has-da pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan bimöçber aladalary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!

 

Abat MÄMMEDOWA.

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR