Hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary bilen halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Halkymyzyň saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen her bir raýatyň sagdyn bolmagy ugrunda ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ynsan saglygy baradaky halk bähbitli işleriň netijeli durmuşa geçirilmeginde ynsanperwerlik ýoluny saýlap alan Diýarymyzyň bu ýoldan ynamly öňe barýan döwlet hökmünde dünýädäki abraýy barha artýar. Ýurdumyzda gurlan we gurulýan saglyk maksatly desgalaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy we öz wagtynda ulanylmaga berilmegi, saglyk ätiýaçlandyryş pasportlarynyň ornaşdyrylmagy lukmançylyk we ykdysady netijeliligi gazanmaga ýardam berýär. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli bolan hassahanalarda, şypahanalarda, saglygy goraýyş edaralarynda, şol sanda dermanhanalarda elektron maglumat ulgamy ornaşdyryldy. Şeýle hem ýurdumyzdaky saglyk maksatly ähli edara-kärhanalarda, pudaklarda elektron resminamalar dolanşygy ulgamy döredilip işe girizildi.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenbaşy şäheriniň Köpugurly hassahanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň gurnamagynda «Sagdyn jemgyýet — döwletiň berk binýady» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda ynsan saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýandygyny, üstünlikli amala aşyrylýan sagdyn durmuş ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygy dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Maslahat duşuşygynyň dowamynda Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasynda üstünlikli zähmet çeken Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglandyryldy. Maslahat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň saglygy baradaky aladany berkarar Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginlerde ösmeginiň ilkinji şertleriniň biri hökmünde kesgitläp, ony elmydama üns merkezinde saklaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, röwşen geljegimize gönükdirilen beýik tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Güljemal BAÝLYÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.