Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Balkanabat şäheriniň «Mollagara» şypahanasynda «Kesbinden kemal tapan lukmanlar» ady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, welaýat häkimliginiň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda saglyk ulgamynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi. Baýramçylyk çärede çykyş edenler bu ýere ýygnananlary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden mähirli gutlap, jan-saglyk, maşgala abadançylygyny, aňsat bolmadyk asylly işlerinde üstünlik arzuw etdiler. Güneşli Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, ilatyň ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün edilmegini gazanmak, saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda durmuşa geçirilýän işleriň olary tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Halkymyzy eşretli zamanada bagtyýar ýaşadýan, ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atlaryna alkyş sözler belentden-belent ýaňlandy. Dabara welaýat medeniýet müdirliginiň sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlaryň çykyşlary bilen dowam etdi. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlar joşgunly tanslar bilen utgaşyp Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň waspy belentden ýetirildi. Çäräniň ahyrynda göreldeli saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerine welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.