AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI HALKARA SERGISI AÇYLDY

Düýn Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Halkara sergi açyldy. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny ösdürmekde döwrebap meýilleri öz içine alan foruma ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 37-si, teleýaýlymlaryň 6-sy, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşýar. 12 gün dowam etjek hem-de dürli işewürlik çärelerini öz içine aljak wideomaslahat görnüşinde geçirilýän baýramçylyk sergisine daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda şeýle diýilýär: “Hemişelik Bitaraplygyň şöhratly 25 ýylynyň dowamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny innowasiýa taýdan özgertmekde, senagatymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, ählumumy ykdysady giňişlikde Diýarymyzyň ornuny barha berkitmekde belent sepgitlere ýetildi”. Şeýle hem bu Gutlagda “Türkmenistanyň Bitaraplygy türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli däpleriniň dowamydyr, Türkmen döwletiniň mäkäm tutulan binýadydyr, parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň ygtybarly kepilidir” diýlip bellenilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagy dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly üns bilen diňlenildi. Olaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy we deputatlary, Hökümetiň agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik düzümiň hem-de halkara guramalarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Köp pudaklaýyn sergi türkmenistanlylaryň öz Garaşsyz, Bitarap Watanyna bolan watançylyk duýgularynyň tutuş çuňlugynyň beýanyna öwrüldi. Forumyň açylyşynyň öň ýanynda guralan paýtagtymyzyň aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary onuň döredijilik beýanyna öwrüldi.