Golaýda Hatyra güni mynasybetli “Hatyra güni – hakyda güni” ady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelenç çäresini gurady. Oňa orta mekdebiň okuwçylary, talyp ýaşlar, Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň wekilleri, il sylagly ýaşulular hem-de kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Gezelenç çäresine gatnaşyjylar muzeýdäki şöhratly geçmişimiz bilen bagly eksponatlary synladylar hem-de muzeý işgäriniň täsirli gürrüňlerini diňlediler. Il sylagly ýaşulular hem-de kümüş saçly eneler bolsa, ýaş nesillere taryhda öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimizi hatyralamagyň, hormatlamagyň halkymyzyň asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçirip gelýän däbidigi barada giňişleýin düşündirdiler. Ýaşlar bu ýerde taryhymyz bilen bagly özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar.
Serdar ŞYHYÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.