Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alyp, ýaşlaryň şöhratly taryhymyz bilen ýakyndan tanyşmagyny, çuňňur öwrenmegini gazanmak maksady bilen, Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç çäresini gurady. Gezelenç çäresine gatnaşanlar geçmiş taryhymyza degişli bolan dürli eksponatlar, maglumatlar, ýazgylar, taryhy çeşmeler hakda söz açýan arheologik tapyndylar bilen tanyşdylar hem-de halkymyzyň buýsanjy saýylýan Görogly beg, Alp Arslan, Jelaleddin soltan ýaly görnükli şahslarymyzyň suratlaryna syn etdiler. Nesilden-nesle geçip gelýän milli sungat eserlerimiz, maddy we medeni gymmatlyklarymyz ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Ýaşlar muzeýde türkmen halkynyň şöhratly geçmişi barada özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar.
Çynar MÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.