Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Aşgabatda, welaýat merkezlerinde, etraplarda, şäherlerde, hat-da çetki obalarda hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän kaşaň sport binalary, sport meýdançalary, stadionlar gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu bolsa ýaş nesiller üçin höwes edýän sportunyň görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilik bolup durýar. Şunlukda, berk bedenli, sagdyn ruhly şahsyýetler kemala gelýär. Sagdyn we ruhubelent nesiller geljekde hem dürli ugurlarda, şol sanda abraýly sport bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ata Watanymyzyň at-abraýyny belende götermäge özleriniň mynasyp goşantlaryny goşarlar.
Şu nukdaýnazardan, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramagynda Köneürgenç etrabynyň 2-nji sport mekdebinde körpeleriň arasynda «Kim çalasyn?» atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşikde körpeler iki hatar bolup düzülip, topjagazlary ylgap gelip sebetlere zyňmak, şeýle-de dürli päsgelçiliklerden geçip, çaltlyk bilen ylgamak ýaly şertler boýunça bäsleşdiler. Bu bolsa körpeleriň çeýe, çalasyn bolmagyna, pikirleniş ukybynyň artmagyna ýardam berýär. Gyzykly we çekeleşikli geçen bäsleşigiň ahyrynda tapawutlanan körpelere etrabyň Ýaşlar guramasy tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Ýaş nesilleriň bagtly geljegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!
Gözel KUŞMEKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç
etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.