Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň gurnamagynda Hatyra güni mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde söhbetdeşlik çäresini geçirildi. Çärede Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy il sylagly ýaşuly Güýjow Ýolly aga, Daşoguz welaýat bagşylar muzeýiniň direktory Haknazarow Begenç, hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Serdar Şyhyýew, Daşoguz welaýat Teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we alyp baryjysy Baýram Çopanow çykyş etdiler.
Çärede Aşgabat şäherinde bolup geçen pajygaly ýertitremesi barada, şol günlerdäki bolup geçen wakalar barada gürrüňler edildi. Çykyş edenler häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda paýtagtymyzyň dünýäniň ösen şäherleriniň hataryna goşulýandygyny barada uly buýsanç bilen bellediler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar il-günümiziň röwşen geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar.
Aýnur Ýusupowa,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.