DUTAR — SYRLY SENET

      Türkmen halkynyň belli saz guraly bolan dutar Orta Aziýa halklarynyň arasynda giňden ýaýran saz gurallarynyň biridir. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komiteti Türkmenistanyň milli dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi. Asyrlaryň dowamyndan bäri, dutar türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, ol türkmen aýdym-sazynyň esasy žanrlarynyň ählisinde ulanylýandyr. Dutar diňe Türkmenistan döwletimizde däl, eýsem ol Orta Aziýa halklarynyň milli saz guraly hökmünde tanalýar. Ol özbeklerde-de, garagalpaklarda-da, gyrgyzlarda-da we birnäçe başga halklarda-da bar. Emma olar biri-birinden birnäçe aratapawut bilen tapawutlanýarlar. Türkmen dutarynyň asyl nusgasynyň kädisi tut agajynyň içini köwmek bilen ýasalýar. Gapagy hem tut agajyndan ýasalyp, tamdyryň çoguna ýakylyp bejerilýär. Şonuň üçin hem dutara tamdyra hem diýilýär. Dutaryň iki kirşi bolýar. Şol sebäpli-de gündogar halklarynda oňa dutar diýilýär. «Du» arap-pars dilinde «iki», «tar» bolsa «kiriş» diýmekdir. Dutar barada halklar köp rowaýat döredipdirler. Olaryň iň ýörgünleriň biri türkmen halkynyň arasynda Babagammaryň dutar ýasaýşy we aty oýnadyşydyr. Ol rowaýatda şeýle aýdylýar. Gadym zamanda Baba Gammar kädä sap edip, oňa hem tar dakyp, onda owaz döredipdir. Ol at bakyp ýören ýerlerinde ony çalar eken. Şol günden başlap tarly tamdyra döräpdir diýip rowaýatda gürrüň edilýär.

      Dutary ýekelikde çalmak, şeýle hem bagşynyň aýdymyna sazandalyk etmek üçin ulanylýar. Dutar hem gyjak ýaly, tarly saz guralydyr. Häzirki döwürde türkmen dutarynyň ululy-kiçili görnüşleri bar. Onuň inçe ses berýän görnüşine prima, oňa görä ýogyn seslisine alt, has ýogyn seslisine bolsa bas dutar diýlip at berilýär.

      Senetçilik sungatymyza goýýan çäksiz sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

 

Döwlet BAÝRAMOW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

13 Sentýabr 2025 | 129 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

11 Sentýabr 2025 | 73 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI