BITARAPLYK – BUÝSANJYMYZ

      Bitaraplyk taglymaty – dünýä döwletleri bilen ylalaşykly ýaşamak diýmekdir. Bitaraplyk ýaş türkmen döwletiniň gülläp ösmegi üçin badalga boldy. Parahatçylygy we durnuklylygy saklaýan türkmen döwletimiz ykdysadyýet, medeniýet we beýleki ulgamlaryň ählisi boýunça çalt depginler bilen ösýär. Ýurdumyz Bitaraplyk derejesine daýanmak arkaly, halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär.

      Geçmişe ser salsaň, pederlerimiziň dünýä halklaryna sary uzaýan ýollarymyza gözüň düşýär. Şol ýollar barada ýazylan ýazgylarda türkmeniň adalatly, ynsanperwer, mert häsiýetleri barada aýdylypdyr. Ine, bu gün mukaddes topragymyzda binýady berkden bina edilen döwletimiz pederlerimiziň dünýäniň çar ýanynda mukaddes, milli häsiýetlere esaslanyp gurlan, hoşniýetli gatnaşyk saklan ýollaryna täzeden jan beren, olaryň asuda, erkin ýaşamak ýaly mukaddes arzuwlaryny wysal eden Garaşsyz, baky Bitarap döwletdir.

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, asmanymyzyň asuda, ýurdumyzyň abadan bolmagyny dilleriniň senasyna öwren pederlerimiziň eden arzuw-umytlary hasyl bolýar. Köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan ata-babalarymyz parahat durmuşda ýaşap, ähli eşretlere ýetip bolýandygyna berk ynanypdyrlar. Şol ynam bilen hem, goňşy arasyndaky gatnaşyklarda hoşniýetli häsiýetlerimiz kemala gelipdir. Dünýäniň dört künjünde döwlet gurmagy başaran ata-babalarymyz hut şu häsiýet bilen tanalypdyr.

      1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy taryhy Rezolýusiýany kabul etdi, şoňa laýyklykda, türkmen döwleti deňi-taýy bolmadyk halkara hukuk derejesine – hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe boldy.

Bitaraplyk güni Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp seneleriň biridir. Halkymyzyň alyp barýan oňyn bitaraplyk ýörelgesi gadymy ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgeleriniň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň rowaçlanmagy üçin uly mümkinçilikleri döretdi.

      Bitaraplyk türkmen döwletiniň Ýer ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki ýokary derejä eýe bolmagyna uly goldaw berdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen döwletiniň işjeň ýagdaýda ýöredýän daşary syýasatdaky ugry tutuş adamzat tarapyndan oňlanylýar. Parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrülen Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki ençeme abraýly halkara guramalar bilen bilelikde uly forumlaryň we wajyp ähmiýetli duşuşyklaryň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy strategiki we uzakmöhletleýin häsiýete eýedir. Türkmenistan bütin dünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly beýleki ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýýar.

      Alnyp barylýan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň halkara kadalaryna laýyklykda, daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi, daşary ýurt telekeçiligi üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleri, amatly geosyýasy ýagdaýy, syýasy durnuklylyk, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň daşary ýurt maýa goýujylaryny birsyhly özüne çekýänligi özüniň gülleýişli netijelerini berýär. Bu bolsa, Türkmenistan döwletimiziň dünýädäki ähli döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda özara gatnaşygyny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýandygyny, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işine önjeýli goşant goşýandygyny görkezýär. Oňyn Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da beýgelmegini şertlendirýär. Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürdäki derwaýys meseleleriň çözülmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldaw tapýar we ykrar edilýär.

      Bizi ösüşlerden ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

 

 

Arzygül JOMARTOWA,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 1292 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY

20 Noýabr 2024 | 1200 okalan

DIL ÖWRETMEGIŇ DÖWREBAP TAGLYMATY