Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň häkimliginiň bilelikde guramaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda beýan edilen «Ata göreldesi – ogla, ene göreldesi gyza ýörelge» setirlerinden ugur alyp, ýaş nesilleriň arasynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda geçirilen bu maslahata Arkadag şäheriniň çäginde bina edilen dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyşlara giň orun berildi. Olarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet berilýändigi we bu ugurda zerur tagallalaryň ählisiniň amala aşyrylýandygy dogrusynda gürrüň etdiler.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, nesil terbiýesiniň inçe syrlary maşgala durmuşy bilen aýrylmaz baglydyr. Ol ilkinji görüm-göreldäni maşgalada ata-eneden, özünden ululardan alýar. Maşgala ýaşlara edep-terbiýe berip, durmuş ýoluna salýar, jemgyýet bilen ysnyşdyrýar. Terbiýe meselesinde türkmençilikde maşgalanyň her bir agzasynyň aýratyn orny kesgitlenilip, ýaşuly we ýaş kiçi edebi, ula sylag, kiçä hormat goýmak ýaly edep kadalary ahlak gözellikleri hökmünde kabul edilýär.
Şeýle hem çykyşlaryň her birinde ýaşlarymyzyň halal, ynsanperwer, maşgala mukaddesliklerine ygrarly bolmaklary ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözler beýan edildi.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.