«ARKADAG ŞÄHERI – MILLI WE DÖWREBAP BINAGÄRLIGIŇ MERJENI»

     Şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik taýýarlanyldy.

     Ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň çekmek, bu babatda Arkadag şäheriniň mümkinçiliklerini wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu söhbetdeşlikde saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde döwrüň ruhuna kybap gelýän Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda bina edilen saglyk maksatly binalar we olaryň ähmiýeti, saglygy goraýyş hünärmenlerini taýýarlamakda alnyp barylýan nusgalyk işler dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Sentýabr 2024 | 35 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI

17 Sentýabr 2024 | 84 okalan

ARKADAG ŞÄHERI – ÝAŞLARYŇ ŞÄHERI

11 Sentýabr 2024 | 86 okalan

HALK MASLAHATYNYŇ ÄHMIÝETI DÜŞÜNDIRILÝÄR