WATANSÖÝÜJI ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam hakyndaky, aýratyn-da ýaş nesilleriň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy, türkmençiligiň beýik adamkärçilik sypatlarynda terbiýelenmegi, watansöýüjilik ruhunda kemala gelmegi babatdaky aladalar döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

      Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Okamak, öwrenmek, ata-babalarymyzyň öwütlerine wepaly bolmak, eziz Watanymyza hyzmat etmek ýaşlaryň baş borjy bolmalydyr» diýip bellemegi we ugurda zerur tagallalary amala aşyrmagy döwletimiziň geljegi bolan ýaşlar hakynda edilýän bimöçber aladalardyr. Muny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji sentýabrynda her bir işde ýaşlaryň nusgalyk halypasy bolan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgüne gelip, bu ýerden ähli türkmen ýaşlaryna geçiren umumy okuw sapagynda ýene bir gezek aýdyň göz ýetirdik. Bu taryhy umumy sapakda Milli Liderimiz Mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz, Watanymyzyň şöhratly taryhy, halkymyzyň milli gymmatlyklary, maşgala mukaddeslikleri dogrusynda baý tejribesi esasynda paýhasly öwütlerini berdi.

      Ýurdumyzda işjeň durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatyna guramaçylykly gatnaşýan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi Arkadag şäheriniň iri syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk sargytlaryny ýaşlara giňden düşündirmek, ýaşlary watansöýüjilik, belent ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň ukyp-başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşine gönükdirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresini gurady.

      «Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk sargytlary ýaşlar üçin nusgalyk ýörelgedir» ady bilen geçirilen bu çärä Arkadag şäheriniň bagtyýar talyp ýaşlary we öňdebaryjy zähmetsöýer işgärleri gatnaşdylar.

      Giň gerime eýe bolan çykyşlarda taryhy maglumatlara ser salnyp, häzirki döwrümiziň belent waspy ýerine ýetirildi. Getirilen tymsallaryň, maglumatlaryň, okalan goşgularyň her birinde halkymyzyň watansöýüjilik häsiýetiniň beýikligi açyk-aýdyň beýan edildi.

      Turuwbaşdan täsirli geçen wagyz-nesihat çäresi oňa gatnaşyjylarda buýsançly duýgulary döretdi.

 

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Sentýabr 2024 | 35 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI

17 Sentýabr 2024 | 84 okalan

ARKADAG ŞÄHERI – ÝAŞLARYŇ ŞÄHERI

11 Sentýabr 2024 | 86 okalan

HALK MASLAHATYNYŇ ÄHMIÝETI DÜŞÜNDIRILÝÄR