Gurhana görä, Muhammet aleýhyssalamyň VII asyryň başlarynda ynsanlary çagyran dini täze ýüze çykan din däldir, ol ozal adamlaryň özleri tarapyndan ýoýlup, üýtgedilip, soňra Allanyň hak dininiň täzeden dikeldilmeginden ybaratdyr.
Gurhan adamyň öz Ýaradanyny tanamalydygyny we Oňa gulluk etmelidigini öwredýär. Her dogan çaganyň şol tebigata eýedigi, ýaradylyşyndaky şol aýratynlygynyň ýahudyçylyk, hristiançylyk ýa-da otparazlyk şekilinde emele gelşiniň maşgalanyň hem daş-töweregiň täsiriniň netijesinde peýda bolýandygy din barada ýazylan kitaplarda aýdylýar.
Bendäniň Ýaradany tanap, Oňa gulluk etmegine Allanyň ýardam berýändigi, ondaky şol «dogabitdi, tebigy» duýgyny we aňy ylahy wahyý bilen ugrukdyryp, ony eýesiz goýmaýandygy Gurhanda beýan edilýär. Allatagala iň gözel şekilde ýaradylan ynsanyň ýaradylyşyna laýyk görnüşde ýaşamagy üçin, oňa ýol görkezer ýaly, pygamberleriň üsti bilen ýörelgeleri iberipdir. Şol ýörelgeler toplumyna «Hakyň dini» diýilýär.
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ
«ÖMRÜMIŇ MANYSY» KITABYNDAN.