Bir alymyň örän köp şägirdi we talyby bar eken. Onuň ylmyndan öwrenmek, peýdalanmak üçin müňlerçe adam onuň huzuryna geler eken. Çözmesi kyn bolan meseleleri, aňlaryny garjaşdyran sowallary hakda oňa ýüz tutar ekenler. Emma günleriň birinde ol bende bir günä işe baş goşupdyr, şondan soň adamlar ondan daşlaşyp, ony terk edipdirler. Talyplar hem öz halypalaryndan ýüz öwrüpdirler. Onuň günä işe batyrynmasyny özleri üçin hem biabraýlyk hasaplapdyrlar. Alym öýünde içini hümledip otyrka, gapy kakylypdyr. Açyp görse, bosagada ylym öwrenmek isleýän ýaş oglanlaryň biri duran ekeni. Ýaş oglan girmäge we alymdan sapak almaga, öwrenmäge idin sorapdyr. Alym muňa geň galyp: «Sen näme üçin beýlekiler ýaly meni terk edip, taşlap gitmediň?» diýip sorapdyr. Ol oglan: «Öň hem sizi pygamber hökmünde däl, adam hökmünde görýärdim. Adam bolsa ýalňyşyp biler» diýip jogap beripdir. Üşükli bu ýaş oglan her birimiziň üns bermeli esasy hikmetimize – durmuş paýhasyna ten berýär – durmuşda, dünýäde hiç bir ýazygy bolmadyk adam ýok. Ýalňyşmaýan, hata goýbermeýän, säwlige uçramaýan adam ýok. Şonuň üçin hem hiç kim beýlekilerden perişde ýaly päkize, arassa bolmagyny talap etmeli däldir. Adamlar, ähli adamlar, hemme adamlar säwlik-hata goýberýär. Haýsydyr bir adamy bir dar ýere gabap hem-de olara birtaraplaýyn esasda höküm çykarsak, ony öz ýalňyşynyň ýesiri, bendisi edip goýsak, onda öte ýalňyşdygymyz, oňa aýdyň sütem etdigimiz, inkär etdigimiz bolar. Bagyşlamagy, geçirimlilik etmegi, ýazygyny ötmegi, başarmaly.
Bir gezek Isa pygamber günä işe baş goşan zenanyň daşyna hümerlenişip duran adamlaryň ýanyna barypdyr. Adamlaryň her biriniň elinde birlän-ikilän daş bar eken. Zenany bu ýazygy üçin daşlajak bolup duranmyşlar. Isa pygamber bu adamlara bakyp, asyrlara siňen sözlerini aýdypdyr: «Kim ömründe hata iş edip görmedik bolsa, şol daşlasyn...». Adamlar biri-birine bakypdyrlar. Soňam, hersi öz ýoluna gidiberipdir, çünki hatasyz adam ýok.
Pygamber alaýhyssalam hem hata iş edýänlere giňgöwünlilik bilen garaýar, ýaş-ýeleňlere mähirli, mylaýym, ýumşak daraýar. Hata goýberýäniň ýalňyş hereketlerini aýratyn bir tegelege salýar, emma ol adamyň tutuş özüni şol tegelege girizmeýär. Paýhasly adamlar hem işleriň hakykatyny şeýle görýär. Hemmeler ýalňyşýar... olaryň käbiri has bet işlere hem baş goşýar... Zulum... nähaklyk... eger-de sähel säwlik ýa-da hata goýberenleri aramyzdan sogrup aýryp, günälerden ýülünilýän ýere sürgüne iberjek bolsak, olaryň öz aramyzda gezip ýörmegini islemejek bolsak, olara toba etmäge maý bermejek bolsak, ine, bu hem uly zulumdyr. Ýüregini Hakdan üzmeýän adamlar bar, olar örän geçirimli, mylakatly, olaryň şu durmuşda barlygy hem durmuşa gözellik, owadanlyk çaýýar. Haýsydyr bir säwligi, büdremesi, hatasy üçin adamlary inkär etjek ýa-da özünden çetleşdirjek bolanok. Gaýta suwuň giňişlige ýaýramagy üçin çüýşäniň dar bogazyndan geçişi deýin, durmuşyň dar we dartgynly ýerlerinde olar bilen ýanma-ýan ýöreýär, olara kömek, ýardam goluny uzadýar. Şeýdibem, olary özleriniň ýöreýän dogry ýollaryna alyp gelýärler. Biz perişde, melek däl. Biz pygamber däl. Biz adaty adamzat nesli. Adamzat neberesinde günäsiz, hatasyz hiç kimse ýokdur.
Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,
«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.