Ölmeziniň öň ýany Soltan Süleýman goşunbaşysyny çagyrypdyr-da, oňa özüniň üç islegini beýan edipdir:
Ol tabydyny Osman Imperiýasynda şol wagtky iň gowy tebipleriň göterip gitmegini wesýet edipdir. Onuň ikinji islegi tabydynyň göterilip geçiljek tutuş ýoluna altyn teňňeleriň, seçelenip goýulmagy eken. Şeýle-de ol elleriniň tabytdan çykarylyp, hemme kişiniň görüp bileri ýaly edilmegini wesýet edipdir.
Eşiden sözlerine geň galan goşunbaşy ondan bu islegleriniň sebäbiniň nämeligini soranda, Soltan Süleýman (Kanyny) şeýle düşündiripdir:
— Goý, meniň tabydymy iň ezber tebipler götersinler, ajal bilen ýüzbe-ýüz bolunsa, hatda iň ökde tebipleriň hem asgyn gelýändigini, goý, hemmeler görsün. — Gazanan altynlarymy ýoluma seçeläň, goý, hemmeler görsün, bu dünýäde toplaýan baýlyklarymyz şu dünýäde hem galýandyr. — Goý, hemmeler ellerimi görsünler hem-de sapak alsynlar, hatda dünýäniň Patyşasy — Soltan Süleýman Kanuny hem bu dünýäden elleri boş gidýändir.
Terjime eden:
Orazmyrat MYRADOW.