Adam hoşamaý söz eşitdigisaýy monça bolýar. Haýyr işe höwesi artyp, güýjüne güýç goşulana dönýär. Seýregem bolsa, özüň hakynda aýdylýan ýagşy gürrüňlere, ýalanam bolsa, gulak gabardasyň gelip dur. Sebäbi hoşamaý söz, minnetdarlyk, eden işiň gadyrynyň bilinýändigi dogrusyndaky duýgular indiki amallara badalga bolup hyzmat edýär. Her bir jemgyýetçilik edarasy öz ýerinde işiň ilerlemegini isleýän bolsa, şu matlapdan ugur alýar. Gorkuzyp işledeniňden, göwnedip işletmegiň müň esse haýrynyň bardygy subutnama talap etmese-de, subut edilen hakykat. Ýöne gudratam garaşýan pursadyň hasyl bolanok, ähli çagda, ähli ýagdaýda her kes biziň göwnümizden turjak bolup duranok. Olaryň öz «aladasy» ýetik, onsoňam ähli adamdan hoşamaýlyga garaşmak howaýy zat, hat-da Hudaýam bar kişiň göwnünden turmaýar ahyry. Ýazgydyndan nalaýanlar, gününden närza bolýanlar, dünýewi synaga sabyr, gazananyna kanagat etmeýänler elmydama ýa ilden nägile, ýa-da Hudaýdan...Onsoň öz bähbidini eý görýän adamlar saňa düýbi boşam bolsa, hoş sözi rowa görmezler, hernäçe zähmet çekseňde, gadyryňy bilmezler, müň gezek ýagşylyk etseň-de, minnetdarlyk bermezler. Lapykeçlik, umydyň döwülmegi, işleriň birbada ugrukmazlygy ýada kimdir biriniň seň begenjiňe gyýa göz bilen garamagy kyýamatyň alamaty däl. Ol seniň entek adam mertebesinden düşmändigiňi, Adam-dygyňy aňladýar, çünki ynsan balasy şunuň ýaly zatlary göre-göre ruhuny kämilleşdirýär, bedenini-süňňüni taplaýar. Kynçylygy kösençligi görmän, azda-kände ýerliksiz «kemsidilmelere» uçraman, durmuşyň düýp manysyna göz ýetirmegem gaty kyn. Türkmenler bolsa «Kemsidilen kemal tapar» diýýar. Elmydama her bir muşakgatyň aňyrsyndan bir gowulygyň miýesser edýändigini bilýär. Ýöne biz, tama edenimiz nesip etmeýän bolsa, garaşanymyzy gazanyp bilmeýän bolsak, öz göwnümiziň ynjalygyny başga ýerden gözleýän-ä däldiris-dä? Söýginiň we teselliniň haçan, haýsy wagtda, nireden we kim tarapyndan geljegi bir Hudaýa mälim. Ýagşylygyň sogaby, öwezigaýtargysy hem edil şonuň ýaly, biz bir ýagşylyk ýa-da öwerlikli bir iş edip, yzyndan tarypa ýa-da berekella garaşýan bolsak, onda biziň sogaba däl-de, diňe şöhrata ýa-da ada kowalaşýandygymyzy biläýmeli. Abraý gowy zat, süýji zat, emma şöhrata kowalaşmak bilen girdabyň üstünde gurnalan gyl köprüden ýöremek deň bir zat. Diňe göz üçin edilen iş ahyry köňül gözüňi gapýar. Uly ýol diýip saýlanyň soňy uçutlara eltýär. Hudaýyň haky üçin, iliň-günüň, halkyň haky üçin, ýagşylyk diýen umyt beriji sözüň haky üçin, barça ýagşy zatlaryň, söýgä mynasyp zatlaryň haky üçin hem ýagşylyk edilýär. Ine, şeýle haýyr işleri edýändigiňden lezzet almany başarmaly. (Dogrusy, her kes ak ýürekden ýagşylyk etmegi hem başarmaýar). Her bir haýyr işiň deregine derhal bir zady tama edip oturmak, asyl türkmeniň ganyna siňmedik häsiýet. Ol adamçylyga hem mahsus däl. Biz özgeleriň özümizden bitýän her bir işini şahsy bähbidimiz üçin peýdalanmak endiginden gaça durmaly. Endige öwrülýän her bir häsiýet we hereket barha ösmek, örňemek bilen bolýar. Gowy zada endik etseň, gowulygyň artyp gidýär, ýaramaz zada endik etseň, şumlugyň artyp gidýär. Üstesine-de, bir ýagşylyk edip, deregine bir hoşamaýlyk görmeseň, ol işiňi diliňe çolap ýörmek uslyp däldir. Magtymguly atamyz: «Bir ýagşylyk etse adam biweji, Her meýlisde ýüz ýol tile getirmiş» diýip, beýle pisint adamlara öz bahasyny berýär. Öwerlikli işiň özi bir ajaýyp zat. Gadymy hytaý ierogliflerinde ýagşylyk sözüniň deregine açylyp barýan gülüň şekili goýlar eken. Güller (haýyr güli) diňe ýazda däl, nesibeli güni açylýandyr. «Ýagşylygy derýa başynda et, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler» diýilýär. Hudaý ýagşylygyň öwezini hiç wagt boş goýýan däldir, haýyr işleýänleriň hakyny köýdürýän däldir. Bu gün bolmasa, ertir, ertir gelmese, biýrgün, hökman ondan däl, ilden-günden bir haýyr geler, begen. Geçen günleriňe, eden işleriňe ser salsaň, jogapsyz goýlan işiň aňsat-aňsat ýadyňa düşmez. Berilmedik «taňyrýalkasynlar», aýdylmadyk «sag bolsunlar», öwülmedik oňat işler bolsa indiki gözel hereketlerimize böwet bolmasyn, haýyr işe bolan höwesimizi gaçyrmasyn. Biz ömrümiziň ähli görküni-gözelligini, tagamyny-lezzetini göwnümize ýaramadyk birje garaýyşlar bilen ölçerjek bolmalyň. Haýyr iş etseň, adamlar hökman biler. Bu babatda özüňi görkezmeklige zerurlyk ýok, iliň-günüň ýiti gözi seniň nirede nämeler edýändigiňden juda habarly. Ýagşylyk – abraý üçin albaý däl-de, ata-babalardan galan dessurdyr, adamdygyňy aňlap bolýan hereketdir. Ýagşylyk babatda, gyzgyn çaýdaky şekeri ýadyňa sal, dessine eräp gidersiň, süýjülik bilen süňňüne siňersiň. Seni görmezler, ýöne hut şol ýerde seniň bardygyňy, süýjülik berip duran zadyň sendigiňi welin anyk bilerler.
Rahmet GYLYJOW,
«17-AÝTMALY HABARYM BAR» KITABYNDAN.